Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, taraplar adam hukuklary babatda hereketleriň Milli meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we monitoringi boýunça özara hereketler barada pikir alyşdylar. Şu jähtden Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň işi bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirişini üpjün etmek boýunça Pudagara topary bilen BMG-nyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýylyň ikinji ýarymyna Bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasyna ünsi çekdiler.
Gepleşikleriň dowamynda BMG-nyň AHÝKM-niň sebit wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda özara hereketi utgaşdyrmak üçin BMG-nyň Aşgabatdaky Edarasynyň düzüminde BMG-nyň AHÝKM-niň Milli programmalaýyn işgäriniň işläp başlamagy meselesine garaldy.
Şeýle hem COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.