Ï Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1023
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Wise-premýer Reşit Meredow Jeýhun Baýramowy Azerbaýjan Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, oňa jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirildi. Iki ýurduň geostrategik mümkinçiligi göz öňünde tutulyp, ulag-üstaşyr ulgamda özara hereketiň möhümligi nygtaldy.

Koronawirus ýokanjyna we onuň netijelerine garşy durmak boýunça bilelikdäki tagallalar ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň biri boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda sebitleýin we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy.