Ï Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-german gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-german gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1027
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Stats-sekretary Migel Berger bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Döwletara gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn depgini bellenildi.

Dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki tarapyň hem islegini beýan edip, söhbetdeşler halkara guramalarynda özara goldaw bermegi dowam etmegiň wajyplygyny nygtadylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we GFR-iň ykdysadyýetiň döwlete degişli hem-de hususy pudagynyň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.

COVID-19 pandemiýasy bilen baglanşykly ýagdaý telefon arkaly söhbetdeşligiň temalarynyň biri boldy. Şu jähtden taraplar koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy durmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçiligine garadylar.