Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýaramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-niň Baş direktory bilen golaýda geçiren wideoduşuşygynyň barşynda biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ählisi bu guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan goldanyldy. Tedros Gebreýesus bilen duşuşykdan soň Döwlet baştutanymyz Türkmenistanyň DIM-niň we SGweDSM-niň ýolbaşçylaryna BSGG-niň degişli edaralary bilen utgaşdyrylan işleriň ýola goýulmagy barada degişli tabşyryklary berdi.
Berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek hem-de saglygy goramak ulgamynda möhüm wezipeleri toplumlaýyn durmuşa geçirmek jähtinden onlaýn-duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary ýiti ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy bilelikdäki ählumumy göreşiň alnyp barylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagynyň zerurlygyny ýene-de bir gezek nygtadylar. Şeýle-de ýurdumyzdaky häzirki epidemiologiki ýagdaýlara oňyn baha berildi we golaýda Türkmenistanda saparda bolan BSGG-niň missiýasynyň bilermenleriniň beren maslahatlarynyň ýerine ýetirilişiniň depgini hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu ugurda, Döwlet baştutanymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, döwrüň talaplarynyň nazarda tutulmagy bilen, ýokanç hem-de ýokanç däl kesellere garşy göreşmek we olaryň öňüni almak babatynda durmuşa geçirilýän çäreleriň oňyn netije bermegi ugrunda zerur tagallalaryň berjaý edilmelidigi aýratyn bellenildi.
Ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we ugurdaş pudaklaryň hünärmenleriniň yzygiderli pikir alyşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi hem BSGG-niň ÝSE-nyň Direktory bilen geçirilen pikir alyşmanyň temasy boldy.
Türkmen tarapy bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň çäklerinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini tassyklady.