Ï Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy

view-icon 7231
 Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
 Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
 Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
 Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
 Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
 Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
 Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
 Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş çäkli goraghanasy
Zeňňi baba gyrynyň dürli reňkli çüňkleri-kertleri we kölleriň çöl salgymlary yzda galypdy, kenarýaka jeňňelleriň ujy gum depelerine direýär, olardan soň müňlerçe we milliolalrça ýyl mundan ozal joşan gadymy derýalardyr deňizleriň düýbi bolan takyr başlandy.

Zeýakabanyň ugry bilen düşelgämize – Türkmenistanyň balyk gorlaryny goraýan kärdeşlerimiziň postuna geldik. Görşüp, saglyk-amanlyk soraşylandan soň, olar bizi däp bolan türkmen myhmansöýerligi bilen garşyladylar.

Takyrlaryň kirşenini ýuwup-aýran dessimize ýakyp barýan Gün şöhlesinden we hiç zat dannamaýan gansorujy jandarlardan gaçyp, hakyky ýerdölä girdik. Bu ýerlere harasat gelýärdi, onsoň janly-jandarlaryň bary ondan gaçybatalga gözleýärdi. Bizem myhmansöýer kärdeşlerimiziňkide uzak eglenmän ýola düşdük.

Gantakyr belentliginden ötüp, Amyderýanyň gadymy hanasyna – Uzboýa, Sarygamyş çäkli goraghanasyna geldik. Kert kenarda özüne aw agtarýan ýaşyl daraklyklar gaýmalasa, eýýäm gür gamyşlaryň arasynda ini iki metre çenli höwürtge edinmäge girişen sakarbalak sürüsi ýüzüp ýördi.

Uzboýyň gadymy hanasy – Orta Aziýanyň iň uly derýasy Amyderýanyň müňýyllyk taryhynyň özboluşly ýazgysydyr. Ilkibaşda onuň suwy çökündi jynslardan ýeňil geçip, gaty ýerleriň arasyndan misli äpet ýylan kimin özüne egrem-bugram ýol salyp, Hazara guýulýan eken. Biz onuň gözbaşynyň üçden birinji bölegindedik, ekspedisiýanyň meýilnamasy boýunça biz hananyň ozalky deltasyna – Kelkör şorlugyna çenli barlamalydyk.

Taryhy gaty gyzykly gadymy çöketlikde kemala gelen Sarygamyş kölüniň günorta-gündogar kenaryndan üç kilometr uzaklykda ýerleşýän Maşyryk-Ajy guýysynda düşledik.

Oňa Gulanlyk diýen simwoliki atly saýry ýeriň ugry bilen kirşenli insiz ýol eltýärdi.

Gaplaňgyr goraghanasy toýnakly ýabany haýwanlary we ýyrtyjy süýdemdirijileri goramak üçin döredilipdi, muny bu ýerleriň ady, gadymy döwürleriň maglumatlary-da aýdýar. Gaplaňgyr – gaplaňlar gyry diýen many berýär, hakykatdanam ýaňy-ýakynam Amyderýanyň we Uzboýyň jeňňellerinde gaplaňlar gezer ýörerdi, ýekedaban sürüsi olaryň awydy, ýöne kertlerde çakgan daga dyrmaşýan uriallaryň ýa-da şol döwürde köpsanlly ýüwrük marally şemal uwlap duran açyk meýdanda ýaşamak gaplaňlara başartjak däldi.

Agramy 200 kilogram we ondan agyr bu äpet pişikler ne daga çyrmaşyp bilýärdiler, ne-de ýyndamdylar. Belki, oňa alajagaplaň ýa-da geçigaplaň düzlügi diýilse dogry bolaýjak ýaly. Olaryň biri kert gaýalarda, beýlekisi düzlügiň özünde-de ýaşap biljeklerden, şeýle hem bu ýerlerde keýiklerden başga gulanam bolan bolmagy mümkin, ýaş gulanlar edil jerenler ýaly çakgan hem ýüwrük bolmansoň pişikler maşgalasynyň wekiline aw bolup biljek.

Eger hyýalyňda günbatara ýol salsaň, onda Garabogaz kölüniň gündogar kenarynda Gulantakyr diýen çäkli ýere barýaň, ol ýurdumyzyň demirgazygynda gulanlaryň giň ýaýrandygy baradaky çaklamamyzyň tassyklamasy bolup biler. Bu sowallara ylmy taýdan dellilendirilen jogap alyp bileris diýip umyt bildirýäris. 2018-nji ýylda kärdeşlerim Gyzyl kitaba girizilen itaýynyň bardygyny anyklapdyrlar, çopanlar bolsa gyşda goraghana uýgunlaşdyrmak üçin getirilen gulanlara duşandyklaryny gürrüň berdiler.

Biz gelmeli ýerimize geldik, ýöne ol Üňüz aňyrsyndaky Garagum däl-de, Günorta Üstýurt düzlügidi. Gum depeleriniň ösümlikleri bilen toýunsow çöl ösümlikleriniň tapawudy dessine göze ilýär. Ýelden gorar ýaly ygtybarly gaçybatalga tapyljak gümany ýok. Guşlar kän däl – bar ýerde duş gelýän torgaýlar, çöp-çalamlaryň arasynda hasyrdap ýören birki sany şalkyguýruk, bu ýere gelenimizi halamadyk baýguş, çarlakburun çertikleriň on-on ikisi, dymma ýalňyz ikatýok gabat geldi.

Alagaraňkylyga aralaşan ýüregedüşgünç ümsümlik basym şemal geljekdigini, oňa çynlakaý taýýarlanmalydygyny duýdurdy.

Tüsse siňen ýeňiljek şam naharyny edindik. Ýoldaşlarym kiçeňräk çadyr gurýaralr, menem eplenilýän ýeňil krowadymy pessejik solgun ösümliklere berkidip, ýatalga-haltamy oňa berk daňdym. Ätiýaçlyk, meniň üçin-ä artykmaçlyk etmedi. Olar goşlarymy uçup gitmeden gorady.

Ertire çenli şemal ýatyşdy. Ümüş-tamyşda öňküsindenem beter nägile baýguşyň sesi geldi, torgaýlar täze güne salam berýärdiler. Daň şapagynyň ilkinji şöhleleri bilen çertiklerem göze ilip ugrady, olar adalarda höwürtge tutsalar-da, esasan tomzaklar we beýleki iri mör-möjekler bilen iýmitlenýärler, jübütllenýän döwri bolsa öz ýaryna hormatdyr söýgüsini beýan edip, ownuk suwulganlary, käte bolsa ulurak zemzenleri hem tutup berýärler.

Ekspedisiýanyň agzalary gijeki tupan barada gürrüň edýärdiler, meniň «uçmak» islmänim ýa-da ony başarmanym barada degişýärdiler.

Indi ugrumyz Sarygamyş kölüne sary...