Ï Aşgabatda mugallymlardan we talyplardan ybarat media topar döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda mugallymlardan we talyplardan ybarat media topar döredildi

view-icon 127
Aşgabatda mugallymlardan we talyplardan ybarat media topar döredildi
Aşgabatda mugallymlardan we talyplardan ybarat media topar döredildi
Aşgabatda mugallymlardan we talyplardan ybarat media topar döredildi
Aşgabatda mugallymlardan we talyplardan ybarat media topar döredildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda 2026-njy ýylda geçirmek meýilleşdirilýän sport we medeni çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda ýörite habarçylar (media) toparyň döredilendigi barada habar berlip, onuň düzümine ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň bäşisiniň: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ugurdaş fakultetleriniň 12 sany tejribeli mugallymy we 76 sany zehinli talyby girdiler.

Maslahatyň dowamynda habarçylaryň täzeden döredilen toparynyň guramaçylyk işleriniň maksatlaryny, wezipelerini hem-de möhüm ugurlaryny açyp görkezýän çykyşlar diňlenildi. Çärä gatnaşyjylar ýaş žurnalistleriň esasy başarnyklaryny artdyrmaga, olaryň tejribesini baýlaşdyrmaga, 2026-njy ýylda döwlet we halkara derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilen möhüm wakalaryň hünär derejesinde we dessine beýan edilmegine gönükdirilen ýörite okuwlaryň guralmagyny maslahatlaşdylar.

Çykyş edenler habarçylar toparyň alyp barjak işleriniň ýurt üçin ähmiýetli çäreleriň diňe bir ýokary hilli beýan edilmegine hyzmat etmän, eýsem, halkara dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Ýaş habarçylaryň iş toparynyň döredilmegi türkmen ýaşlarynyň mümkinçiligini ösdürmäge, halkara diplomatiýasynyň ähmiýetli halkasy hökmünde olaryň kemala gelmegi ugrunda möhüm ädim bolmaga hem-de ýurduň ýaşlar syýasaty babatdaky wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.