12-nji awgustda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Güýç Garaýew bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar Russiýanyň şu sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň administrasiýasynyň internet-portalynyň habarynda aýdylýar.
«Men sizi Astarahanda işläp başlamagyňyz bilen telefon arkaly däl-de, ýüzbe-ýüz bolup gutlaýandygyma şatdyryn – diýip gubernator konsuly mübärekledi. –Biziň duşuşygymyzyň Hazaryň güni geçýändiginiň özi simwoliki mana eýedir. Göni bir ýyl mundan ozal maňa Türkmenbaşyda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda Astrahan oblastynyň wekilýetiniň ýolbaşçysy bolmak miýesser edipdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň bize beren ünsi üçin oňa hoşallyk bildirýäris».
Şeýle hem Igor Babuşkin Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ýokary derejede yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belledi. Iýun aýynda sebitiň baştutanynyň we wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýokary maslahat beriş geňeşinde duşuşygy geçirilipdi. Şondan kän wagt geçmänkä Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen hökümetara toparynyň başlyklarynyň mejlisi geçirildi.
«Meniň mejlisdäki çykyşyma gämi gurluşygy, türkmen bazarlaryna Astrahanyň oba hojalyk önümlerini ibermek, şeýle hem Türkmenistanyň harytlaryny ilerletmek üçin biziň sebitimizde logistika merkezini açmak bilen baglanşykly meseleler, medeniýet ulgamyndaky meseleleriň birnäçesi girizildi» - diýip Igor Babuşkin aýtdy.
Öz gezeginde, konsul pandemiýa döwri wezipä bellenenem bolsa, onuň konsullygyň işine päsgel bermändigini aýtdy. Ol Igor Babuşkine wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredowyň salamyny gowşurdy. Şeýle hem Güýç Garaýew dünýäde sanitar-epidemiologiýa ýagdaý durnuklaşdygy Astrahan oblastynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana ýene-de sapar bilen gelmegine umyt bildirdi.
«Astrahan oblasty bilen gazanylan ylalaşyklaryň ählisi güýjüni saklaýar. Häzirki wagtda astrahanly gämi gurluşykçylar türkmen hyzmatdaşlary bilen Türkmenistan üçin gämileri gurmak boýunça işjeň gepleşikler alyp barýarlar. Biz şeýle hem siziň sebitiňizde logistika merkeziniň açylmagyna gyzyklanma bildirýäris we bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýardam ederis» - diýip konsul aýtdy – diýlip RF-niň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň administrasiýasynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.