Nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, iň ýakyn goňşular bilen dostluk we birek-birege hormat goýmak esasynda halkara gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hem-de iki goňşy döwletiň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi, hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, iki ýurduň arasynda demir ýol arkaly ýük daşamagy kadaly derejede saklamagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň möhüm orny nygtaldy. Ulag hem-de aragatnaşyk, senagat, oba we suw hojalygy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.