Ï Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Awstriýanyň ilçisine gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin hoşallyk bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Awstriýanyň ilçisine gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin hoşallyk bildirdi

view-icon 1132
Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (edarasy Nursoltan şäherinde ýerleşýän) Gerhard Saýller bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçä netijeli işi we türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Öz gezeginde, ilçi G. Saýller diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen-awstriýa gatnaşyklary babatda aýdylanda bolsa, iki ýurduň arasynda giň gerimli şertnama-hukuk binýadynyň kemala gelendigini, taraplaryň parlamentara hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly ileri tutulýan ugurlarda işjeň gatnaşyklary amala aşyrýandygyny bellemek gerek.