Tatarystanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşanlaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin,Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Powolžýe federal okrugyndaky doly ygtyýarly wekiliniň orunbasary Oleg Maşkowsew, Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti, Döwlet Geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Hytaýyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň baş konsullary, şeýle hem «КАМАЗ», «Татнефть» we beýlekil kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar.
Rustam Minnihanow Tatarystanyň köpmilletli halkyna wepalylyga kasam etdi. Dabaraly çäräni alyp baryjy, Respublikanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rustam Minnihanowy saýlawlarda ynamly ýeňşi we Tatarystanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlandygyny belledi.
Köpugurly türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň alyp barýan strategik hyzmatdaşlyk syýasatynyň jähtinden üstünlikli ösdürilýär.