Ï Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1379
Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diýego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan-ÝeB gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Özara gatnaşyklaryň oňyn ösüşi bellenildi, muňa dürli meýdançalarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň (ÝeDGG) baş sekretary Helga Şmid bilen wideomaslahat görnüşde duşuşygy geçirildi, iýun aýynda bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de ÝeB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borreliň arasynda onlaýn-gepleşikler geçirildi.

Şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça gatnaşygynyň çäklerinde nobatdaky mejlis we «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň on dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu duşuşyklar taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Söhbetdeşler gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly mümkinçiligiň bardygy barada bir pikire geldiler. Şu jähtden hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy bellenildi. Energetika, ulag, söwda we bilim ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň diwesifikasiýasynyň wajyplygyny belläp, taraplar şu ýylyň güýzünde Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we Ýewropa Komissiýasynyň gurluşlarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiligine garadylar. Şeýle hem pandemiýadan soňky döwürde durmuş-ykdysady görkezijileri durnuklaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.