Gysgajyk söhbetdeşligiň barşynda ilçi Ş. Jumaýew Portugaliýanyň Prezidentine we ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Öz gezeginde, Portugaliýanyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza mähirli sözler üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna mähirli gutlaglaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda Portugaliýanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda Türkmenistan bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Ilçi Şöhrat Jumaýew Portugaliýanyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souzany türkmen-portugal gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin diplomatik tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.