Ï Welotrek we sambo boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welotrek we sambo boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1387
Welotrek  we sambo boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge taýýarlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Halkara Welosipedçiler Birleşiginiň prezidenti (UCI) Dawid Lappartýen we Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow bilen wideoaragatnaşygy arkaly duşuşyk gurady.

Türkmen tarapyndan onlaýn-gepleşiklere DIM-niň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

UCI-niň prezidenti Dawid Lappertýen bilen onlaýn-duşuşygyň çäklerinde 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu jähtden iki tarapyň hem gatnaşyklary işjeňleşdirmäge islegi beýan edildi.

Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow bilen wideo-gepleşikleriň barşynda Türkmenistanda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, çempionatyň guramaçylyk meseleleri boýunça täzelenen Şertnama babatda pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar Federasiýanyň tehniki wekilleriniň ýaryşa taýýarlygy utgaşdyrmak üçin ýurdumyza iş saparlaryny guramaklyga ünsi çekdiler.

Mundan başga-da, türkmen türgenlerini Sambo boýunça dünýä çempionatyna taýýarlamagyň Iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilişiniň we Halkara sambo federasiýasy bilen Başa-baş söweşler milli federasiýasynyň, şeýle hem Milli olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.