Ï Türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi

view-icon 1245
9-njy oktýabrda wideomaslahat görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary derejesinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekilýetine Wepa Hajyýew, gruzin wekilýetine Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanpwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hzymatdaşlygyň netijeli we oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy. Taraplar işjeň gatnaşyklary, şol sanda geljekki döwre hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny bilelikde işläp taýýarlamagy dowam etmek barada ylalaşdylar. Gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek meselelerine garaldy.

Günorta Kawkazdaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde BMG-nyň howandarlygynda we degişli syýasy gurallary işläp taýýarlamak bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň usullaryny ulanmaga çagyrýan Türkmenistanyň garaýşy beýan edildi.

Onlaýn-duşuşygň barşynda energetika we ulag ulagamlarynda bilelikdäki taslamalary we ylalaşyklary ilerletmäge, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge iki tarapyň islegi beýan edildi, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Hökümtara toparynyň işiniň möhümligi bellenildi.

Bilim, medeniýet we ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar.