Ï Fransiýanyň Senaty Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransiýanyň Senaty Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

view-icon 2308

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Jumaýewiň senator, Fransiýa-Merkezi Aziýa Senat dostluk toparynyň ýolbaşçysy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.

Şeýle hem, duşuşyga fransuz tarapyndan senator, Fransiýa-Türkmenistan dostlugy toparçasynyň ýolbaşçysy Frank Menonwil hem-de Senatyň halkara gatnaşyklary we protokol departamentiniň geňeşçisi, Fransiýa-Merkezi Aziýa dostluk toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Ann-Lor Sen-Dizýe gatnaşdylar.

Taraplar türkmen-fransuz parlamentara gatnaşyklarynyň ugurlaryny, şeýle hem söwda-ykdysady, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Şöhrat Jumaýew fransuz senatorlaryny Türkmenistanda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler we iki palataly parlament ulgamyna geçilişi bilen jikme-jik tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy bu özgertmäniň raýat jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň işeňňir gatnaşmagynda giňişleýin geňeşmelr geçirmek esasynda amala aşyrylandygyny aýratyn belledi. 

Fransuz parlamentarilerine Türkmenistanyň durmuş-ykdysady gazananlary barada habar berildi. Öz gezeginde, jenap Moreý Senatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şu jähtden taraplar parlamentara gatnaşyklary işeňňirleşdirmäge gönükdirilen çäreleri geçirmegiň mümkinçiligni ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýakyn wagtda özara gatnaşyklaryň ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin ilçi Ş. Jumaýewiň Fransiýa-Merkezi Aziýa Senat dostluk toparynyň agzalary-senatorlar bilen duşuşygyny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda senatorlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň fransuz dilindäki neşiri sowgat berildi.