Ï Türkmenistanyň we GAR-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara saparlary göz öňünde tutýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we GAR-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara saparlary göz öňünde tutýarlar

view-icon 3115

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Günorta-Afrika Respublikasynyň halkara gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklar ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini bellediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda ikitaparlaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bidirdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary diplomatik gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda taraplar daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleri guramak, şeýle hem ilçiler derejesinde we Birleşen Milletler Guramsynyň ýanynda iki ýurduň hemişelik wekilleriniň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler özara saparlary amala aşyrmaga ylalaşdylar.

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN