Türkmenistanyň we halkara guramalarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygynda ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, şeýle hem ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-nyň degişli agentlikleriniň, şol sanda BMG-nyň ÖM-nyň, BMG-nyň ÝeYK-nyň, ESKATO-nyň, beýleki halkara maliýe edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar ulag hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň, şol sanda serhetlerden geçilmegini ýeňilleşdirmegiň we sazlaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşdylar.
Şu ýylyň 19-njy we 22-nji fewralynda geçirilen bilermenleriň synag, sanitar-epidemiologiýa nukdaý-nazardan howpsuz ulag-üstaşyr akymlaryny geçirmegiň, şeýle hem ýurduň ulag ylgamyny sanlaşdyrmagyň meselelerine bagyşlanan duşuşyklarynyň esasynda taýýarlan maslahatlarynyň birnäçesine garaldy.