Ï Aşgabadyň we Kiýewiň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň we Kiýewiň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýarlar

view-icon 3092

10-njy martda geçirilen wideoduşuşyk  Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen  Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky Halkara gatnaşyklary institutyny (Ukraina) birleşdirdi. Onlaýn-duşuşyk şanly senä - şu ýyl Türkmenistanda hem, Ukrainada hem bellenilýän Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Onda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlary, ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler, ösüşiň innowasion ugry barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki barlaglaryň ugurlary kesgitlenildi. Kiýewiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Waleriý Kopeýka şu jähtden ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada ähtnama gol çekmegi teklip etdi. Türkmen tarapy ukrain tarapynyň teklibini makullady.

Çäräniň jemleýji bölegi interaktiw görnüşde geçirildi, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary talyplaryň sowallaryna jogap berdiler.