Şu Kanun ýokanç keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) ýokanç keseller — ýokanç keselleri dörediji mikroorganizmleriň adam bedeni bilen täsir edişmeginiň netijesinde ýüze çykyp, ýokançlygy daş-töwerege tiz ýa-da yzygiderli ýaýrap, adamyň saglyk ýagdaýynyň dürli bozulmalaryna (alamatsyz göterijilikden dürli agyrlykdaky kliniki görnüşlerine çenli) getirýän keseller;
2) ýokanç keselleriň öňüni almak — ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň töwekgelçiliginiň sebäpleriniň ýok edilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumy;
3) howply ýokanç keseller — aýry-aýry syrkawlarda saglyk ýagdaýynyň agyr we (ýa-da) düýpli bozulmalary bilen häsiýetlendirilýän hem-de olaryň janyna we saglygyna howp salýan ýokanç keseller;
4) aýratyn howply ýokanç keseller — syrkawlaryň uly böleginde saglyk ýagdaýlarynyň agyr we (ýa-da) düýpli bozulmalary, ölüm sanynyň ýokary derejesi, bu keselleriň ilatyň arasynda çalt ýaýramagy bilen häsiýetlendirilýän ýokanç (şol sanda karantinli) keseller;
5) çetleşdiriş ýeri (izolýator) — ýokanç keselli syrkawlary, olar bilen galtaşykda bolan adamlary barlamak, olara öňüni alyş bejergisini geçirmek we lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ýer (otag, bina, desga we beýlekiler);
6) epidemiýa — gysga wagtyň dowamynda degişli çägiň ilatynyň arasynda ýokanç keselleriň köpçülikleýin ýaýramagy;
7) epidemiýa garşy çäreler — ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, olaryň ojagyny, birwagtlaýyn we toparlaýyn tiz ýaýramagyny çäklendirmek we ýok etmek maksady bilen amala aşyrylýan guramaçylyk, lukmançylyk-sanitariýa, weterinar-sanitariýa, inžener-tehniki, administratiw we başga çäreleriň toplumy;
8) epidemiýa ýagdaýy — adamlaryň ýokanç keseller bilen kesellemeginiň, ýokanjyň geçiş faktorlarynyň bolmagy ýa-da bolmazlygy hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna täsir edýän başga ýagdaýlaryň derejesi we güýji bilen häsiýetlendirilýän, anyk wagtda çägiň (obýektiň) abadançylygynyň görkezijisi;
9) güýçlendirilen lukmançylyk gözegçiligi — çägiň, ilatly nokadyň, şahsy hojalyklaryň, edaralaryň we guramalaryň, bölümleriň we beýlekileriň işjeňligine (ýagdaýyna) täsir ýetirmezden adamlarda ýokanç keselleriň alamatlaryny ir ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän iş;
10) immunobiologik serişdeler — ýokanç keselleri özboluşly kabul etmezligi döretmek üçin niýetlenen waksinalar, anatoksinler, immunoglobulinler we beýleki serişdeler;
11) karantin — ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen hem-de hojalyk we beýleki işleriň aýratyn tertibini göz öňünde tutýan, ilatyň, ulag serişdeleriniň, ýükleriň, harytlaryň we mallaryň ondan-oňa göçmegini çäklendirýän administratiw, lukmançylyk-sanitariýa, weterinar-sanitariýa we beýleki çäreler;
12) obserwasiýa — jemgyýet üçin howply ýokanç keseliň bolmagy güman edilýän we aýratyn ýerde çetleşdirilen adamlara belli bir möhletiň dowamynda geçirilýän lukmançylyk gözegçiligi;
13) öňüni alyş sanjymlary — ýokanç keselleri özboluşly kabul etmezligi döretmek maksady bilen, adamyň bedenine immuno-öňüni alyş üçin immunobiologik serişdeleriniň goýberilmegi;
14) sanjymdan soňky gaýraüzülmeler — öňüni alyş sanjymlary netijesinde saglyk ýagdaýynyň agyr we (ýa-da) durnukly bozulmalary;
15) sanitariýa-karantin gözegçiligi — Türkmеnistаnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gelen adamlar, ulag serişdeleri we harytlar babatda amala aşyrylýan çäreleriň toplumy;
16) Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagy — Türkmenistanyň çägine aýratyn howply ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almaklyga, olar ýüze çykan halatynda bolsa — ol keselleriň Türkmenistanyň çäklerinden daşary ýaýramagyna ýol bermezlige, şeýle hem adamyň jany we saglygy üçin howply harytlaryň, himiki, biologik we radioaktiw maddalaryň, galyndylaryň we başga ýükleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegine ýol bermezlige gönükdirilen guramaçylyk, lukmançylyk-sanitariýa, sanitariýa-gigiýena, bejeriş-öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň ulgamy;
17) ýokanç keselli syrkawlar bilen galtaşykda bolan adamlar (mundan beýläk — galtaşykda bolan adamlar) — ýokanjyň çeşmesi bilen galtaşykda bolup, ýokanç kesel ýokuşan diýlip hasap edilýän adamlar;
18) ýokanç keseliň bolmagy güman edilýän adamlar (mundan beýläk — güman edilýän adamlar) — ýokanjyň çeşmesi bilen galtaşykda bolan we (ýa-da) ýokanjyň ojagynda bolan we (ýa-da) ýokanç keseliniň belli bir şübheli alamatlary ýüze çykarylan adamlar;
19) ýokanç keselleriň birwagtlaýyn we toparlaýyn tiz ýaýramagy — ýokanjyň umumy çeşmesi we (ýa-da) ýokuşmagynyň sebäbi bilen baglanyşykly bolan birnäçe ýokanç keseller;
20) ýokanç keselleri döredijini göteriji — ýokanç keselleriň alamatlary ýok mahalynda bu keselleriň döredijilerini özünde saklaýan adam;
21) ýokanjyň geçiş faktorlary — adamyň ýaşaýyş gurşawynyň ýokanç keselleri döredijiler düşen obýektleri, şeýle hem ýokanç keselleri döredijiler ýokuşan, gatnaşmagynda ýokanç keselleri döredijileriň ýokanjyň çeşmesinden başga adamlara geçmegi bolup geçýän janly organizmler;
22) zyýansyzlandyryş çäreleri — adamyň ýaşaýan gurşawynda ýokanç keselleriň döredijilerini (dezinfeksiýa) we olary ýaýradyjylary — mör-möjekleri (dezinseksiýa) we gemrijileri (deratizasiýa) ýok etmek boýunça çäreler.
2-nji madda. Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna degişlidir.
2. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan/bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar şu Kanunda bellenen hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary berjaý edýärler.
4-nji madda. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasaty
1. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasaty ýokanç keselleriň öňüniň alynmagyna, ýaýramagynyň çäklendirilmegine we ýok edilmegine gönükdirilendir.
2. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri şulardan ybarat:
1) ilatyň ýokanç kesellerden goralmagy;
2) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar hem-de raýatlar tarapyndan işiň islendik görnüşi amala aşyrylan mahalynda döwlet sanitariýa-epidemiologiýa düzgünleriniň we kadalarynyň berjaý edilmegi;
3) öňüni alyş, epidemiýa garşy, durmuş we bilim çäreleriniň geçirilmeginiň toplumlaýynlygy;
4) ýokanç keselli syrkawlara, olar bilen galtaşykda bolan adamlara, ýokanç keselleri döredijini göterijilere tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi;
5) ýokanç keselli syrkawlaryň, olar bilen galtaşykda bolan adamlaryň, ýokanç keselleri döredijini göterijileriň durmuş taýdan goralmagy;
6) degişli ylmy işläp düzmeleri we ýokanç keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek üçin ulanylýan, ýurdumyzyň immunobiologik serişdelerini, derman we zyýansyzlandyryş serişdelerini we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri öndürijileriň döwlet tarapyndan goldanylmagy;
7) öňüni alyş sanjymlarynyň raýatlar üçin elýeterliligi;
8) sanjymdan soňky gaýraüzülmeler ýüze çykan mahalynda raýatlaryň durmuş taýdan goralmagy;
9) ýokanç keselleriň öňüni almak babatda döwlet maksatnamalarynyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi;
10) immunobiologik serişdeleriniň hiline, netijeliligine we howpsuzlygyna döwlet tarapyndan gözegçilik edilmegi;
11) ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamagyň döwlet bilim standartlaryna goşulmagy;
12) statistik gözegçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi;
13) ýeke-täk döwlet maglumat beriş syýasatynyň üpjün edilmegi;
14) ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi.
5-nji madda. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda maliýeleşdirmek
1. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine girizilen ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlary we epidemik görkezijiler boýunça öňüni alyş sanjymlary raýatlar üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna tölegsiz geçirilýär.
3. Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine girizilen öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek üçin immunobiologik serişdeleriň getirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Saglygy goraýyş edaralarynyň immunobiologik serişdeleri bilen üpjün edilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.
4. Döwlet saglygy goraýyş edaralarynda we döwlet ylmy edaralarynda ýokanç keselli syrkawlaryň, olar bilen galtaşykda bolan adamlaryň, ýokanç keselleri döredijini göterijileriň, ilatyň näsaglama töwekgelligi bolan toparlarynyň saglygyny bejermek, saglygy goraýyş gözegçilikleri, barlaglary we öňüni alyş çäreleri, iýmit, hojalyk, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna tölegsiz geçirilýär.
5. Gündelik öňüni alyş zyýansyzlandyryş çäreleri eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem raýatlaryň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.
6. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýokanç keselli syrkawlaryň we olaryň hossarlarynyň islegi boýunça goşmaça tölegli saglygy goraýyş hyzmatlary hem amala aşyrylyp bilner.
II BAP. ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN
DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GÖZEGÇILIK
6-njy madda. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we
gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarly edara), öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3) ýokanç keselleriň öňüni almak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
4) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň we saglygy goraýyş beýleki edaralarynyň, epidemiýalary ýok etmek bilen baglanyşykly çäreleri we işleri geçirmeklige çekilen kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň maliýeleşdirilmegini we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligini üpjün edýär, bu çäreleriň we işleriň geçirilmegini utgaşdyrýar;
5) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
6) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.
8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) ýokanç keselleriň öňüni almak babatda döwlet maksatnamalaryny amala aşyrýar;
3) döwlet sanitariýa-epidemiologiýa düzgünlerini we kadalaryny, syrkawlary barlamagyň, bejermegiň, ýokanç keselleri anyklamagyň we olaryň öňüniň alynmagynyň usullaryny kesgitleýän we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
4) zyýansyzlandyryş serişdeleriniň synaglarynyň usullaryny belleýär, olaryň standartlarynyň, beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygynyň gözegçiligini amala aşyrýar, şeýle usullaryň ulanylmagyny düzgünleşdirýär;
5) şulary işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýär:
a) ýokanç keselleriň öňüni almak babatda döwlet maksatnamalaryny;
b) Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüniň alynmagyna we derejesiniň peseldilmegine, epidemiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen, esaslandyrylan teklipleri;
ç) öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň geçirilmeginiň tertibi bellenilýän çözgütleriň taslamalaryny;
6) iýmit önümleriniň we azyk çig malynyň, suwuň, topragyň düzüminde we adamyň ýaşaýan gurşawynyň beýleki obýektlerinde mikroorganizmleriň we beýleki biologik organizmleriň ýol berilýän möçberlerini belleýär;
7) immunobiologik serişdeleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar;
8) öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan derman serişdelerini, immunobiologik serişdelerini we zyýansyzlandyryş serişdelerini öndürmeklige, şeýle hem ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga döwlet sargytlarynyň işlenip düzülmegine gatnaşýar;
9) epidemiýa ýagdaýy üçin derman serişdeleriniň, immunobiologik serişdeleriniň, zyýansyzlandyryş serişdeleriniň we beýlekileriň zerur bolan ätiýaçlyk gorunyň döredilmegini, saklanylmagyny we öz wagtynda täzelenilmegini üpjün edýär;
10) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar hem-de raýatlar tarapyndan ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegine gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
11) immunobiologik serişdeleriniň ýaramsyz täsirine we olaryň epidemiologik netijeliligine epidemiologik gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
12) ýokanç keselleriň döwlet tarapyndan hasaba alnyşyny ýöredýär;
13) ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagyna gönükdirilen çäreleriň geçirilmegini utgaşdyrýar;
14) Türkmenistanyň çäginde epidemik ýagdaýy seljerýär we çaklaýar;
15) ýokanç keselleriň derejesiniň peseldilmegine, epidemiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, epidemiýa garşy çäreleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglaryň geçirilmegini guraýar;
16) pudagara utgaşdyrmaklygy amala aşyrýar we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralary bilen özara hereketini üpjün edýär;
17) çägiň, obýektleriň, bölümleriň we düzümleriň çäklerinde öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň geçirilmeginiň tertibini degişli harby we hukuk goraýjy edaralar bilen ylalaşýar;
18) ýokanç keselleriň öňüni almagyň, ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň meseleleri boýunça ilatyň arasynda şahsy gigiýena we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek babatda okuw sapaklaryny geçirmek boýunça işleri guraýar we utgaşdyrýar, şeýle hem ministrlikleriň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralarynyň saglygy goraýyş gulluklaryny Türkmenistandaky we dünýädäki epidemiýa ýagdaýy hakynda döwürleýin maglumat bilen üpjün edýär, olary ýokanç keselleriň öňüni almak çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalar we beýleki kabul edilen resminamalar barada dessin habardar edýär;
19) kabul edilen döwlet sanitariýa-epidemiologiýa düzgünleri we kadalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary barada maglumatlary elektron maglumatlar goruna girizýär we ilatyň elektron maglumatlar serişdelerinden erkin peýdalanyp bilmegini üpjün edýär;
20) döwlet saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keselli syrkawlara elýeterli we tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini üpjün edýär;
21) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýeňillikli topara degişli raýatlary ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak üçin derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edýär;
22) halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär;
23) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.
9-njy madda. Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji
häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;
2) ýokanç keselleriň öňüni almak babatda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmeklige gatnaşýarlar;
3) öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň geçirilmegini we ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;
4) raýatlar we ýuridik şahslar tarapyndan ilata söwda we durmuş hyzmatlaryny etmegiň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
5) ýokanç keselleriň epidemiýalaryny, birwagtlaýyn we toparlaýyn tiz ýaýramagyny we olaryň netijelerini ýok etmeklige gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýarlar;
6) ylmy barlag edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýokanç kesellere garşy göreşe gatnaşmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görýärler;
7) ygtyýarly edara bilen özara hereket edýärler;
8) sebitde epidemiýa ýagdaýynyň seljermesiniň we onuň ýagdaýyna gözegçiligiň geçirilmegini guraýarlar;
9) köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilata sebitdäki epidemik ýagdaý we epidemiýa garşy amala aşyrylýan çäreler hakynda habar berýärler;
10) ýokanç keselleriň epidemiýalaryny we birwagtlaýyn we toparlaýyn tiz ýaýramagyny ýok etmek bilen baglanyşykly bejeriş-öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň we işleriň maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmeginiň meselelerini çözýärler;
11) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.
III BAP. ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÇYGRYNDAKY IŞIŇ GURAMAÇYLYK ESASLARY
10-njy madda. Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibi
Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibi, olary geçirmegiň möhletleri we hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlary ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.
11-nji madda. Epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlary
1. Raýatlara epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlary, sanawy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän, ýokanç keselleriň döremek howpy bolan mahalynda geçirilýär.
2. Epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek hakynda karary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy kabul edýär.
3. Epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlarynyň tertibi, olary geçirmegiň möhletleri we hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlary ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.
12-nji madda. Öňüni alyş sanjymlary
1. Ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine laýyklykda, ýokanç kesellere garşy ilat arasynda geçirilýän öňüni alyş sanjymlary hökmany bolup durýar.
2. Işleri özlerine kesel ýokuşdyryp biljek we (ýa-da) olar tarapyndan ýokanç keselleriň ýaýramagyna getirip biljek aýry-aýry hünärleriň, önümçilikleriň we guramalaryň işgärleri başga degişli ýokanç keselleriň hökmany öňüni alyş sanjymlarynyň edilmegine degişlidirler.
3. Işgärler hökmany öňüni alyş sanjymlaryndan ýüz dönderen halatynda, olar kanunda bellenen tertipde görkezilen işleriň görnüşlerini ýerine ýetirmekden çetleşdirilýärler.
4. Işgärleri beýleki degişli ýokanç kesellere garşy hökmany öňüni alyş sanjymlaryna degişli bolan hünärleriň, önümçilikleriň we guramalaryň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
5. Öňüni alyş sanjymlaryny geçirýän saglygy goraýyş işgärleriniň, olary geçirmegiň meseleleri boýunça degişli taýýarlygy bolmalydyr we olar sanjym geçirilýän adamlara ýa-da olaryň kanuny wekillerine öňüni alyş sanjymlarynyň netijeliligi hakynda we sanjymdan soňky bolup biljek gaýraüzülmeler hakynda dogry maglumat bermäge borçludyrlar.
6. Öňüni alyş sanjymlary adamyň lukmançylyk gözden geçirmesi geçirilenden soň, onda degişli saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeler bolmadyk halatynda geçirilýär.
7. Kämillik ýaşyna ýeten adamlara öňüni alyş sanjymlary sanjymlar, olardan ýüz dönderilmeginiň netijeleri we sanjymdan soň bolup biljek gaýraüzülmeler hakynda dogry maglumat berlenden soň, olaryň razylygy bilen geçirilýär. On bäş ýaşa ýetmedik ýa-da kanunda bellenen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara öňüni alyş sanjymlary olaryň dogry maglumatlar berlen ata-enesiniň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň razylygy bilen geçirilýär. On bäş ýaşdan on sekiz ýaşa çenli ýa-da kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlara öňüni alyş sanjymlary dogry maglumat berlenden soň, olaryň razylygy bilen we ol adamlaryň dogry maglumat berlen ata-enesiniň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň razylygy boýunça geçirilýär. Eger adam we (ýa-da) onuň kanuny wekilleri hökmany öňüni alyş sanjymlaryndan ýüz dönderse, lukmanlaryň olardan degişli ýazmaça tassyklamany almaga, şeýle tassyklamany bermekden ýüz dönderen halatynda bolsa, şaýatlaryň gatnaşmagynda ony ykrar haty bilen tassyklamaga hukugy bardyr.
8. Öňüni alyş sanjymlary, sanjymdan soňky gaýraüzülmeler we hökmany öňüni alyş sanjymlaryndan ýüz dönderilmegi hakynda maglumatlar statistik hasaba alynmaga degişlidir we degişli saglygy goraýyş resminamalaryna girizilýär. Saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeler, öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmeginiň we sanjymdan soňky gaýraüzülmeleriň bellige alnyş tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
13-nji madda. Immunobiologik serişdelerine bildirilýän talaplar
1. Öňüni alyş sanjymlary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanda bellige alnan, ýurdumyzda we daşary ýurtda öndürilen immunobiologik serişdeleri ulanylýar.
2. Ygtyýarly edara tarapyndan bellenen tertipde raýatlara immunobiologik serişdeleri lukmanlaryň dermannamalary boýunça goýberilip bilner.
3. Türkmenistanda we daşary ýurtda öndürilen immunobiologik serişdeleriň hiline, netijeliligine, howpsuzlygyna we ulanylyşynyň dogrulygyna döwlet gözegçiligi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Ulanylmagy üçin ýaramsyz immunobiologik serişdeleriň saklanylmagy, daşalmagy, şeýle hem zyýansyzlandyrylmagy döwlet sanitariýa-epidemiologiýa düzgünleriniň we kadalarynyň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar. Immunobiologik serişdeleri saklamagyň, daşamagyň, şeýle hem zyýansyzlandyrmagyň bellenilen tertibiniň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçilik ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
5. Sanjymdan soňky gaýraüzülmeleriň her bir ýagdaýy hakynda saglygy goraýyş edaralary ygtyýarly edara gyssagly habar bermäge borçludyrlar.
14-nji madda. Öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň guralyşy we geçirilişi
1. Öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleri, hususan-da, Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagy boýunça, ýokanç keselli syrkawlar we ýokanç keselleri döredijini göterijiler babatda çäklendiriş çäreleri, önümçilik gözegçiligi, şol sanda iýmit önümleri we azyk çig maly we başga önümleri öndürilende, saklananda, daşalanda we ýerleşdirilende, işler ýerine ýetirilen we hyzmatlar edilen mahalynda barlaghana barlaglaryny we synaglary guramak we geçirmek, şeýle hem raýatlaryň lukmançylyk gözden geçirmelerini we barlaglaryny, öňüni alyş sanjymlaryny, gigiýena terbiýesini we okuwyny hem-de beýleki sanitariýa-gigiýena we sanitariýa-epidemiýa garşy çäreleri guramak we geçirmek kanunda bellenen ygtyýarlyklaryň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň, saglygy goraýyş beýleki edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, şeýle hem raýatlaryň üstüne ýüklenilýär.
2. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň çäginiň, obýektleriniň, bölümleriniň we düzümleriniň çäklerinde öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleri guramak we geçirmek görkezilen edaralar tarapyndan üpjün edilýär.
3. Öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegini ygtyýarly edara, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üpjün edýärler.
IV BAP. ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÇYGRYNDA HUKUK TAÝDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK
15-nji madda. Çagalar edaralarynda ýokanç keselleriň öňüni almak
1. Bilim we sagaldyş edaralaryna çagalary kabul etmek çaganyň gözegçilik astynda durýan degişli saglygy goraýyş edarasynyň kepilnamasy bolan mahalynda geçirilýär. Kepilnama çaganyň lukmançylyk gözden geçirilmeginiň maglumatlary esasynda, onuň şol edarada bolmagy üçin saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeleri bolmadyk mahalynda, şeýle hem eger oňa öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine laýyklykda öňüni alyş sanjymlary geçirilen bolsa hem-de ol ýokanç keselli syrkawlar ýa-da ýokanç keselleri döredijini göterijiler bilen galtaşykda bolmadyk bolsa berilýär.
2. Öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine laýyklykda, öňüni alyş sanjymlaryny almadyk çagalara çagalar edaralarynda bolmaga rugsat berilmeýär. Çagalara öňüni alyş sanjymlary saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeleri bilen baglanyşykly bellenen möhletleriň bozulmagy bilen geçirilen ýagdaýynda, amatly epidemiýa ýagdaýy bolan halatynda degişli lukmanlaryň maslahatynyň (konsiliumynyň) çözgüdi boýunça olar degişli çagalar edaralaryna kabul edilip we ol ýere baryp biler.
3. Çagalaryň lukmançylyk gözden geçirmesiniň geçiriliş tertibi we olaryň çagalar edaralaryna kabul edilmegi üçin kepilnamanyň görnüşi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
4. Ýokanç keselli syrkawlary ýa-da ýokanç keselleri döredijini göterijileri ýüze çykarmak maksady bilen, çagalar edaralarynyň işgärleri hökmany öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesinden Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçmäge borçludyrlar.
5. Çagalar edaralarynyň işgärleri çagalaryň saglyk ýagdaýyna hemişelik gözegçilik edip durmaga, ýokanç keselli çaga ýüze çykarylan halatynda bolsa, onuň sagdyn çagalardan aýry saklanmagy üçin çäreleri görmäge hem-de haýal etmän bu barada degişli saglygy goraýyş edarasyna habar bermäge, şeýle hem çagalaryň arasynda şahsy gigiýena we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça ýörite okuw sapaklaryny we terbiýeçilik işlerini yzygiderli geçirip durmaga borçludyr.
16-njy madda. Ilatyň haýwanlar we adamlar üçin umumy
bolan ýokanç kesellerden goralmagy
1. Ilatyň haýwanlar we adamlar üçin umumy bolan ýokanç kesellerden goralmagy haýwanlara saklanylýan, maldarçylyk önümleriniň öndürilýän, gaýtadan işlenilýän we ýerlenilýän wagtynda weterinar-sanitariýa, epizootiýa we epidemiýa garşy çäreleriň geçirilmegi hem-de weterinar-sanitariýa, döwlet sanitariýa-epidemiologiýa düzgünleriniň we kadalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegi arkaly, raýatlar we ýuridik şahslar tarapyndan üpjün edilýär.
Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen çäreleriň ýerine ýetirilişine hem-de düzgünleriň we kadalaryň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Adamlaryň arasynda haýwanlar we adamlar üçin umumy bolan ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary şol ýokanç keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň toplumlaýyn maksatnamalaryny we meýilnamalaryny, haýwanlary öý şertlerinde saklamagyň düzgünlerini tassyklaýarlar, ilatly ýerleriň çäginde olary bakmak üçin ýerleri bölüp berýärler hem-de gurnaýarlar, eýesiz haýwanlaryň tutulmagyny, wagtlaýyn saklanylmagyny we sanynyň düzgünleşdirilmegini üpjün edýärler, ilatly ýerleriň çäginde, ilatyň köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde deratizasiýa işleriniň yzygiderli geçirilmegini üpjün edýärler.
17-nji madda. Raýatlaryň we ýuridik şahslaryň ýokançтkeselleriň öňüni almak
çygryndaky borçlary
1. Raýatlar we ýuridik şahslar ýaşaýyş, önümçilik we beýleki jaýlarda (binalarda) hem-de olara eýeçilik hukugy esasynda degişli bolan ýa-da ulanmaga berlen ýer böleklerinde öňüni alyş zyýansyzlandyryş çäreleriniň geçirilmegini üpjün edýärler, jaýlarda (binalarda) we ýer böleklerinde gemrijileriň we mör-möjekleriň peýda bolmazlygy üçin degişli çäreleri amala aşyrýarlar.
2. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň eýeleri, şeýle hem ýolbaşçylary we beýleki wezipeli adamlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saglygy goraýyş işgärlerine ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmakda ýardam bermäge borçludyrlar.
18-nji madda. Ýokanç keselli syrkawlaryň, olar bilen galtaşykda bolan adamlaryň,
ýokanç keselleri döredijini göterijileriň hukuklary we borçlary
1. Ýokanç keselli syrkawlaryň, olar bilen galtaşykda bolan adamlaryň, ýokanç keselleri döredijini göterijileriň şulara hukugy bardyr:
1) döwlet saglygy goraýyş edaralarynda we döwlet ylmy edaralarynda tölegsiz bejergi almaga;
2) lukmançylyk gözden geçirmesiniň, barlagynyň we bejerişiň netijeleri hakynda dogry maglumat almaga, şeýle hem ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maslahatlar almaga;
3) ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde olaryň saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna.
2. Ýokanç keselli syrkawlar, olar bilen galtaşykda bolan adamlar, ýokanç keselleri döredijini göterijiler şulara borçludyrlar:
1) saglygy goraýyş işgärleriniň görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
2) saglygy goraýyş edarasynyň içerki tertip-düzgün kadalaryny berjaý etmäge;
3) bellenilen möhletlerde zerur bolan gözden geçirmelerden we barlaglardan geçmäge.
19-njy madda. Hökmany öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmeleri
1. Işi ilata hyzmat etmek bilen baglanyşykly hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna getirip biljek aýry-aýry hünärleriň, önümçilikleriň we guramalaryň işgärleriniň hökmany deslapky (işe giren mahalynda) we döwürleýin öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde iş berijileriň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.
2. Hökmany öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çagalar, başlangyç, orta, ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplary we adamlaryň beýleki toparlary degişlidirler.
3. Hökmany öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmelerine we gözegçiligine aýratyn howply we howply ýokanç keselli syrkawlar bilen ýa-da ýokanç keselleri döredijini göterijiler bilen galtaşykda bolan adamlar hem degişlidirler.
4. Işgärleri hökmany öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesine degişli bolan hünärleriň, önümçilikleriň we guramalaryň sanawy, bu gözden geçirmeleri geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
5. Hökmany öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmelerinden geçmekden ýüz dönderýän adamlar ‒ işden, çagalar we talyplar bolsa, degişli edaralara barmakdan çetleşdirilýärler.
20-nji madda. Ýokanç keselli syrkawlar, galtaşykda bolan we güman edilýän adamlar we ýokanç keselleri
döredijini göterijiler babatda çäreler
1. Töwerekdäkilere ýokuşdyrmagyň ýokary howpuny döredýän ýokanç keselli syrkawlar, galtaşykda bolan we güman edilýän adamlar we ýokanç keselleri döredijini göterijiler öz wagtyndaky hem-de oňat hilli bejergä, lukmançylyk barlagyna we gözegçiligine degişlidirler.
2. Howply ýa-da aýratyn howply ýokanç keselli syrkawlar degişli saglygy goraýyş edaralarynda ýatymlaýyn şertlerde öz wagtyndaky we oňat hilli bejergä, yzygiderli lukmançylyk barlaglaryna we gözegçiligine degişlidirler.
Görkezilen adamlary bejermek, olaryň lukmançylyk barlagy we gözegçiligi tölegsiz geçirilýär.
3. Ýokanç keselli syrkawlary, galtaşykda bolan we güman edilýän adamlary we ýokanç keselleri döredijini göterijileri hassahana ýerleşdirmegiň, bejermegiň we olaryň lukmançylyk gözegçiliginiň tertibi, olaryň degişli saglygy goraýyş edaralarynda bolmagynyň şertleri ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
4. Howply ýokanç keseliniň bolmagyna güman edilýän adamlar ýüze çykarylan halatynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, olara güýçlendirilen lukmançylyk gözegçiligi we obserwasiýa çäreleri geçirilýär.
Güýçlendirilen lukmançylyk gözegçiligi ýerli saglygy goraýyş edarasynyň çözgüdi esasynda kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan guralýar.
Obserwasiýa çärelerini geçirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenýär.
21-nji madda. Ýokanç keselli syrkawlaryň
bejerilmegi
Ýokanç keselli syrkawlaryň bejerilmegi saglygy goramagyň ýöriteleşdirilen edaralarynda (bölümlerinde) we ylmy barlag klinikalarynda ýörite lukmançylyk bilimi bolan hünärmenler tarapyndan geçirilýär.
22-nji madda. Inçekeselli syrkawlaryň we olaryň maşgala
agzalarynyň bejerilmegi we olaryň durmuş taýdan goraglylygy
1. Inçekeselli syrkawlaryň bejerilmegi ýöriteleşdirilen inçekesele garşy saglygy goraýyş edaralarynda tölegsiz geçirilýär.
Inçekeselli, goşmaça barlaga we bejergä mätäç syrkawlar bejerişden ýüz dönderendigi we ýokanjy ýaýradandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
2. Inçekesel bilen kesellemegi ilkinji gezek ýüze çykarylan ýa-da onuň gaýtalanmasy bolup geçen zähmete ukyply ýaşdaky syrkawlara üznüksiz bejergi geçirilmegi we sagaldylmagy üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty on aýa çenli möhlet bilen berlip bilner. Şeýle syrkawlara görkezilen möhletiň dowamynda iş ýeri saklanyp galynýar.
3. Güýjeýän görnüşdäki inçekeselli syrkawlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, ilkinji nobatda, ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna hukugy bardyr.
4. Inçekeselli syrkaw bilen bir jaýda (otagda) bile ýaşaýan onuň maşgala agzalarynyň inçekeseliň himiýa öňüni alşyny tölegsiz almaga hukugy bardyr.
5. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar inçekesel bilen kesellän işgärleriniň zähmet, dynç alyş, iýmitleniş we gaýry şertleriniň gowulandyrylmagyny üpjün edýärler.
23-nji madda. Ýokanç keselleri döredijini göterijiler bolup
durýan adamlaryň işden çetleşdirilmegi
1. Işleri ilata hyzmat etmek bilen baglanyşykly bolan hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna getirip biljek adamlar ýokanç keselleri döredijini göterijiler bolan halatynda, ol adamlar ýokanç keselleriň ýaýramagynyň töwekgelçiligi bilen baglanyşykly bolmadyk işe wagtlaýyn geçirilýärler. Görkezilen adamlaryň başga işe geçirilmegi mümkin bolmadyk halatynda olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde işlerinden çetleşdirilýärler. Işden çetleşdirilen döwründe ol adamlara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly tölenilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlar belli bir işleriň görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin saglyk ýagdaýy boýunça wagtlaýyn ýa-da hemişe ukypsyz diýlip ykrar edilip bilner.
3. Ýokanç keselleri döredijini göterijiler bolup durýan adamlaryň belli bir işiň görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin wagtlaýyn ýa-da hemişe ukypsyzlygy hakyndaky çözgüt hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparlary tarapyndan bejerginiň netijeleri, lukmançylyk gözden geçirmeleriň maglumatlary esasynda kabul edilýär.
Hemaýata mätäçligi anyklaýyş toparynyň şeýle çözgüdi kazyýete şikaýat edilip bilner.
4. Işleriň görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin ýokanç keselleri döredijini göterijiler bolup durýan adamlaryň wagtlaýyn ýa-da hemişe ukypsyzlygy ykrar edilip bilinýän işleriň görnüşleriniň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
5. Obserwasiýa geçirilýän adamlar bellenilen möhlet bilen işden çetleşdirilen halatlarynda, olara işden çetleşdirilmeginiň bütin döwri üçin iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen iň pes zähmet hakyndan pes bolmadyk, ortaça zähmet hakynyň elli göterimi möçberinde hasaplanylýar.
V BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINIŇ SANITARIÝA TAÝDAN GORALMAGY. TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINE ADAMLARYŇ, ULAG SERIŞDELERINIŇ GIRMEGI, ÝÜKLERIŇ, HARYTLARYŇ WE BEÝLEKI NÄRSELERIŇ GETIRILMEGI. KARANTIN.
24-nji madda. Türkmenistanyň çäginiň
sanitariýa taýdan goralmagy
1. Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagy Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde we Türkmenistanyň bütin çäginde öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň hem-de sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiliginiň geçirilmegi bilen üpjün edilýär.
2. Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagynyň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň degişli edaralary we guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinden ýolagçylaryň, ekipažlaryň, toparlaryň we arasynda ýokanç keselleriň alamatlary bar bolan beýleki adamlaryň geçirilmegine, ol adamlar lukmançylyk gözden geçirmesinden geçenden soň rugsat berilýär.
25-nji madda. Türkmenistanyň çägine adamlaryň, ulag
serişdeleriniň girmegi, ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegi
1. Türkmenistanyň çägine ýokanjyň geçmegine sebäp bolup biljek ýa-da adamlaryň janyna we saglygyna howp döredip biljek adamlaryň, ulag serişdeleriniň girmegi, ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegi diňe sanitariýa-karantin gözegçiligi amala aşyrylandan soň rugsat berilýär.
Şeýle ulag serişdeleriniň, ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi görkezilen gözegçilik geçirilenden soň amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň çägine ulag serişdeleriniň girmegine, onuň çägine ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegine, Türkmenistandan çykarylmagyna ýa-da onuň çäginden üstaşyr geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynyň we halkara şertnamalaryň talaplaryna laýyklykda, degişli resminamalary bar bolan mahalynda rugsat berilýär.
3. Şu maddada görkezilen ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegine sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi geçirilende şu aşakdakylar bellenilen halatynda rugsat berilmeýär:
1) olaryň getirilmegi adamlaryň jany we saglygy üçin howplulygy bilen baglylykda, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen bolsa;
2) olaryň getirilmegi köpçülikleýin ýokanç keselleriň döremegine ýa-da adamlaryň zäherlenmegine getirip biljek bolsa.
4. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary olaryň bolýan ýurtlarynda aýratyn howply ýokanç keseller ýüze çykan halatynda ol barada haýal etmän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen ygtyýarly edara habar berýärler.
5. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti epidemiýa ýagdaýyny göz öňünde tutup, ol ýurtlar bilen ulag aragatnaşygy, ol ýurtlardan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana girmegi, şeýle hem ýokanjyň Türkmenistana geçiş ýagdaýlary bolup biljek ýükleriň, harytlaryň we beýleki närseleriň getirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň ol ýurtlara çykmagy babatda wagtlaýyn çäklendirmeleri we aýratyn şertleri belläp biler.
6. Türkmenistanyň raýatlarynyň howply ýa-da aýratyn howply ýokanç keseller bilen kesellemeginiň ýokary töwekgelçiligi bolan ýurtlara gitmegine, olar degişli öňüni alyş sanjymlaryny alandan soň ýa-da göz öňünde tutulan beýleki çäreler geçirilenden soň rugsat berilýär.
26-njy madda. Karantin
1. Karantin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň maglumatlary boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan girizilýär we ýatyrylýar.
2. Karantini girizmek we ony ýatyrmak boýunça çözgüt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen degişli çägiň ilatynyň dykgatyna ýetirilýär.
3. Karantini girizmek hakyndaky çözgütde muňa getiren ýagdaý görkezilýär, karantin ýeriniň çäkleri kesgitlenilýär, zerur bolan öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreler, olaryň geçirilýän möhletleri görkezilýär, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we olaryň üstüne ýüklenilýän goşmaça borçlaryň wagtlaýyn çäklendirilmeleri bellenilýär.
4. Karantin epidemiýany ýa-da aýratyn howply ýokanç keselleriň birwagtlaýyn we toparlaýyn tiz ýaýramagyny ýok etmek üçin zerur bolan döwürde girizilýär. Bu döwürde kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň iş düzgünleri üýtgäp biler, olaryň önümçilik we başga işiniň şertlerine degişli bolan başga zerur üýtgeşmeler girizilip bilner.
5. Çäkde bellenilen hukuk düzgüniniň berjaý edilmeginiň, öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň öz wagtynda we doly geçirilmeginiň guralmagy we gözegçiligi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.
6. Karantin girizilen çäklerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna şu hukuklar berilýär:
1) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalary, edaralary, guramalary ýokanç keselleriň epidemiýalaryny ýa-da birwagtlaýyn we toparlaýyn tiz ýaýramagyny çäklendirmek we ýok etmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmeklige çekmäge;
2) öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleri amala aşyrmak üçin zerur bolan wagtlaýyn ulanmak üçin ulag serişdelerini, binalary, desgalary, enjamlary, başga emläkleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalary, edaralary, guramalary çekmäge;
3) raýatlaryň we ulag serişdeleriniň karantiniň çägine girmeginiň we ondan çykmagynyň aýratyn düzgünini bellemäge, zerurlyk bolan halatynda bolsa — zatlaryň, goşlaryň, ulag serişdeleriniň we ýükleriň, sanitariýa gözegçiligini geçirmäge;
4) iýmit önümleriniň hili, önümçilik şertleri, taýýarlanylyşy we ýerlenilmegi boýunça, agyz suwuny işläp taýýarlamagyň düzgünine we hiline has pugta talaplary girizmäge;
5) öňüni alyş we epidemiýa garşy, şol sanda zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmegiň aýratyn tertibini bellemäge.
7. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary karantin girizilen halatynda, onuň çäginde epidemiýa garşy aýratyn düzgünli ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralaryny, ýöriteleşdirilen hassahanalary, çetleşdiriş ýerlerini, obserwasiýa geçirmek üçin ýöriteleşdirilen ýerleri döredýärler, munuň üçin saglygy goraýyş edaralarynyň, sagaldyş edaralarynyň, okuw jaýlarynyň we beýlekileriň jaýlaryny ulanýarlar.
8. Howply we aýratyn howply ýokanç keselli syrkawlar hem-de şeýle keselleriň alamatlary bolan adamlar ýöriteleşdirilen hassahanalara hökmany ýerleşdirilmäge degişlidirler.
9. Karantin girizilen çäge girýän we ondan çykýan adamlara obserwasiýa çäreleri ulanylýar. Belli bir möhletli obserwasiýa keseliň inkubasion döwrüniň dowamlylygyna laýyklykda geçirilýär.
VI BAP. SANJYMDAN SOŇKY GAÝRAÜZÜLMELER ÝÜZE ÇYKAN HALATYNDA RAÝATLARY DURMUŞ TAÝDAN GOLDAMAK
27-nji madda. Sanjymdan soňky gaýraüzülmeler ýüze çykan halatynda raýatlaryň durmuş
goldawyna bolan hukugy
1. Sanjymdan soňky gaýraüzülmeler ýüze çykan halatynda raýatlaryň birwagtlaýyn pul kömegini, öwez pullaryny, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny almaga hukuklary bardyr.
2. Raýatlara birwagtlaýyn pul kömegini, öwez pullaryny, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullaryny almaga hukuk berýän, sanjymdan soňky gaýraüzülmeleriň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.
3. Sanjymdan soňky gaýraüzülmeleriň raýatyň ölümine getiren halatynda birwagtlaýyn pul kömegini almak hukugy onuň maşgala agzalaryna berilýär.
4. Birwagtlaýyn pul kömegini we (ýa-da) öwez pullaryny tölemek ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen Tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.
28-nji madda. Sanjymdan soňky gaýraüzülmeler bilen baglanyşykly öwez pullarynyň,
wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi
1. Sanjymdan soňky gaýraüzülmeleriň netijesinde maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen raýatyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öwez pullaryny almaga hukugy bardyr.
2. Ata-enäniň biri (beýleki kanuny wekil) ýa-da maşgalanyň başga agzasy sanjymdan soňky gaýraüzülmeler bilen baglanyşykly kesellän on sekiz ýaşa çenli syrkaw çaga sereden halatynda, gatnawly şertlerde bejergi alan ýa-da ýatymlaýyn şertlerde oňa saglygy goraýyş kömegi berlende saglygy goraýyş edarasynda çaga bilen bilelikde bolan bütin döwri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberde wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukugy bardyr.
VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
29-njy madda. Ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda saglygy goraýyş
edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygy
1. Döwlet ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär.
2. Ýokanç keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça döwlet saglygy goraýyş edaralarynda bolup biljek biologik faktorlar bilen galtaşykda işleýän saglygy goraýyş, ylmy we ylmy-pedagogik edaralarynyň işgärlerine ýeňillikler iş wagtynyň dowamlylygyna garamazdan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
30-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy
üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
31-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.