Bu gün Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär.Ýaşyl düşeginde türkmen haly gölleri, zeýtun ýapragy, bäş ýyldyz hem-de ýarym aý şekillendirilen Watan tugy agzybirligiň we Garaşsyzlygyň, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň nyşanydyr.
Wekilçilikli, dabaraly wezipeleri ýerine ýetirýän baýdagyň taryhy gadymy döwürlerden gaýdýar. Hünärmenler baýdagyň taryhyny gadymy weksilloidler bilen baglanyşdyrýarlar, olar taýpanyň serdarynyň töweregine birleşmegiň göze ilýän nyşany hökmünde we taýpadaşlara gitmeli ugry ýa-da hüjüm ugruny görkezmek üçin ulanylypdyr. Weksillodler bezegli ýa-da haýsydyr bir nyşanly uzyn taýak ýa-da naýza bolupdyr.
Gadymy imperiýalaryň weksilloidlerinde dürli tapawutlandyryş nyşanlary ulanylypdyr. Mysal üçin, Ahemeniler imperiýasynyň weksilloidlerinde laçyn çekilen bolsa, Makedoniýanyň patyşasy Beýik Aleksandryň weksilloidinde on alty burçly ýyldyz şekillendirilipdir.
Hytaýda ýüpek öndürmek usuly oýlanylyp tapylandan soň harby we dabara nyşanlary matadan edilipdir. Olar weksilloidlerden ýeňil bolansoň elde götermäge oňaýly bolupdyr, hemem uzakdan göze ilipdir. Hytaýda mata baýdaklar ulanmak ýörelgesi Mongoliýa, Hindistana we Persiýa ýaýrapdyr, soňra Rimde we galan Ýewropa ýurtlarynda peýda bolupdyr.
Baýdagyň reňki we ondaky şekiller milli döwletliligi we gymmatlyklary aňladýar. Türkmen baýdagy halkyň döredijilikli filosofiýasy, onuň gadymy taryhy we medeniýeti, Bitarap daşary syýasaty barada gürrüň berýär. Ýurduň her bir raýaty üçin Watan tugy – agzybirligiň we abadanlygyň nyşanydyr.
Ogulgözel PEJEBOWA
Surata düşren: Meret ROZYÝEW