Ï Durmuş hyzmatlary hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuş hyzmatlary hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 19184

Şu Kanun adamlaryň aýratyn toparlaryna durmuş hyzmatlaryny etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) durmuş hyzmaty — adamlaryň aýratyn toparlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we (ýa-da) öz esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak üpjün etmekleri üçin olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem kyn durmuş ýagdaýyny ýeňip geçmekleri, olaryň şahsy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin görülýän çäreleriň we hereketleriň toplumy;

2) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjy — durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç diýlip ykrar edilen we özüne durmuş hyzmatlary edilýän adam;

3) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler — durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar, şeýle hem durmuş hyzmatlaryny edýän eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, beýleki ýuridik şahslar we (ýa-da) hususy telekeçiler;

4) durmuş işgäri — şahsy zerurlyklara baha bermegiň esasynda durmuş hyzmatlaryny edýän hem-de bellenen talaplara laýyk gelýän hünär derejesi bolan adam;

5) durmuş işi boýunça hünärmen — öz ýerine ýetirýän işiniň talaplaryna we häsiýetine laýyk gelýän zerur hünär derejesi bolan, şahsy zerurlyklara baha bermegi amala aşyrýan we durmuş hyzmatlary edilende gatnaşýan hünärmen;

6) durmuş taýdan hyzmat etmek — ilata durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň işi;

7) kyn durmuş ýagdaýy — adamlaryň aýratyn toparlarynyň şahsy zerurlyklaryna baha bermegiň netijeleri boýunça kesgitlenýän, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini bozýan we olaryň özbaşdaklykda ýeňip bilmeýän, doly derejede jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak üçin göni päsgelçilikleri döredýän ýagdaý;

8) şahsy zerurlyklara baha bermek — durmuş işi boýunça hünärmen tarapyndan durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy bolup biljek adamyň ýanyna barlanda, onuň durmuş goldawyna bolan şahsy zerurlyklaryny ýüze çykarmak, durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga hukugyny bellemek maksady bilen geçirilýän barlag.

2-nji madda. Durmuş hyzmatlary hakynda

Türkmenistanyň kanunçylygy

Durmuş hyzmatlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry 

Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara, bosgunlara, şeýle hem durmuş hyzmatlary çygrynda işi amala aşyrýan, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridik şahslara we hususy telekeçilere degişlidir.

4-nji madda. Durmuş hyzmatlarynyň maksatlary

Şular durmuş hyzmatlarynyň maksatlary bolup durýar:

1) durmuş agzybirligini berkitmeklige we durmuş taýdan aýry saklanmagyna ýol bermezlige gönükdirilen, jemgyýetiň ähli agzalary üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegine ýardam etmek;

2) mynasyp, howpsuz we döredijilikli ýaşamak, döwletiň jemgyýetçilik durmuşyna deň gatnaşmak üçin ýardam etmek;

3) adamlara olaryň öz hususy serişdeleriniň kömegi we bar bolan mümkinçilikleri bilen çözüp bilmejek, kyn durmuş ýagdaýlaryny ýeňip geçmekde ýardam etmek;

4) kyn durmuş ýagdaýlarynyň ýüze çykmagyny çaklamak we öňüni almak;

5) adamlaryň we maşgalalaryň öz tagallalaryny işjeňleşdirmek, ýüze çykýan meselelerini özbaşdak çözmek üçin şertleri döretmek.

5-nji madda. Durmuş hyzmatlary çygrynda esasy ýörelgeler

Şular durmuş hyzmatlary çygrynda esasy ýörelgeler bolup durýar:

1) durmuş hyzmatlaryny peýdalanmagyň deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi;

2) salgylylyk;

3) elýeterlilik;

4) meýletinlik;

5) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi;

6) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň şahsy zerurlyklaryny hasaba almak bilen, durmuş hyzmatlarynyň edilmegi;

7) ýaşyrynlyk.

6-njy madda. Durmuş hyzmatlary çygrynda maliýeleşdirmek

Şu serişdeler durmuş hyzmatlary çygrynda maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup durýar:

1) Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň;

2) ýerli býujetleriň;

3) hemaýatkärlik kömegi görnüşinde kärhanalardan, guramalardan, edaralardan we hususy telekeçilerden gelip gowuşýan;

4) tölegli ýa-da bölekleýin tölegli esasda edilýän durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylardan gelip gowuşýan;

5) haýyr-sahawat we ynsanperwerlik kömegi görnüşinde gelip gowuşýan;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeler.


II BAP. DURMUŞ HYZMATLARY ÇYGRYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE GÖZEGÇILIGI

7-nji madda. Durmuş hyzmatlary çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarly edara), Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde durmuş hyzmatlary çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti durmuş hyzmatlary çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara durmuş hyzmatlary çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

2) durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça amala aşyrylýan işi utgaşdyrýar;

3) öz garamagyndaky durmuş taýdan hyzmat edýän edaralary dolandyrmagy we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

4) durmuş hyzmatlaryny etmegiň meseleleri boýunça guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;

5) şulary işläp düzýär we tassyklaýar:

a) Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar hakynda birkysmy düzgünnamany;

b) Durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy bolup biljek adamyň şahsy zerurlyklaryna baha bermegiň hem-de ony durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç diýip ykrar etmegiň tertibini;

ç) Durmuş hyzmatlaryny etmegiň tertibini;

d) Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler tarapyndan durmuş hyzmatlarynyň edilmegini guramagyň düzgünini;

e) beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny;

6) durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç adamlary ýüze çykarmak boýunça işi guraýar we olaryň ýeke-täk hasabyny ýöredýär;

7) durmuş işgärleriniň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünärini ýokarlandyrmagyny üpjün edýär;

8) durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy bolup biljek adamyň şahsy zerurlyklaryna baha bermegi üpjün edýär;

9) durmuş hyzmatlaryny etmek ulgamyny ösdürmek boýunça çäreleri görýär;

10) durmuş hyzmatlaryny peýdalanmakda ýardam edýär;

11) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň durmuş taýdan uýgunlaşmagy we dikeldilmegi boýunça işi guraýar we utgaşdyrýar;

12) edilýän durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri, olary etmegiň şertleri, «ynam telefony» belgileri hakynda ilata habar berýär, adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maglumatlary berýär;

13) durmuş hyzmatlaryny etmek meselelerinde garamagyndaky durmuş taýdan hyzmat edýän edaralara ýardam edýär we olaryň işini utgaşdyrmagy amala aşyrýar;

14) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň akkreditasiýasyny geçirýär we olaryň sanawyny düzýär, onuň alnyp barlyşyny we oňa degişli üýtgetmeleriň girizilmegini üpjün edýär;

15) edilýän durmuş hyzmatlarynyň barlagyny geçirmek boýunça işi utgaşdyrýar;

16) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler tarapyndan edilýän durmuş hyzmatlarynyň hiliniň gözegçiligini amala aşyrýar;

17) şu Kanunyň we onuň esasynda çykarylýan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýol berlen bozulmalaryny aradan aýyrmak boýunça hökmany teklipnamalary berýär, ýol berlen bozulmanyň derejesine görä olary ýerine ýetirmegiň degişli möhletini kesgitleýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplaryň bozulan halatynda jerimeleri salýar we beýleki çäreleri ulanýar;

18) durmuş hyzmatlaryny etmek meseleleri boýunça fiziki we ýuridik şahslar bilen özara hereket edýär;

19) halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär;

20) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

10-njy madda. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ygtyýarlylygy

1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi durmuş hyzmatlary çygrynda:

1) garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işini utgaşdyrýar we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

2) durmuş hyzmatlaryny edýän garamagyndaky edaralary dolandyrmagy amala aşyrýar;

3) durmuş hyzmatlaryny etmek meseleleri boýunça guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;

4) garamagyndaky edaralar tarapyndan durmuş hyzmatlarynyň edilmegi boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna ýardam edýär;

5) edilýän durmuş hyzmatlarynyň netijeliliginiň monitoringini we baha berlişini geçirýär;

6) durmuş taýdan hyzmat etmegiň formalary boýunça durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň iýmitiniň maslahat berilýän kadalaryny işläp düzýär.

2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi durmuş hyzmatlary çygrynda:

1) durmuş hyzmatlaryny edýän garamagyndaky edaralary dolandyrmagy amala aşyrýar;

2) durmuş hyzmatlaryny etmegiň meseleleri boýunça guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;

3) garamagyndaky edaralar tarapyndan durmuş hyzmatlarynyň edilmegi boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna ýardam edýär;

4) edilýän durmuş hyzmatlarynyň netijeliliginiň monitoringini we baha berlişini geçirýär;

5) Bilimiň derejeleriniň klassifikasiýasyna laýyklykda, bilim hyzmatlarynyň edilişiniň guralmagyna ýardam edýär;

6) degişli ygtyýarnama bolan mahalynda goşmaça (şol sanda tölegli) bilim hyzmatlary hökmünde okuwçylaryň (olaryň razylygy we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň razylygy bilen) hünär taýýarlygynyň geçirilmegini guraýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tölegli goşmaça bilim we bilim edarasynyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki hyzmatlaryň edilmeginiň hasabyna goşmaça maliýe serişdelerini çekýär.

3. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi durmuş hyzmatlary çygrynda:

1) adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy üpjün edýär;

2) durmuş hyzmatlaryny etmegiň talaplarynyň bozulmagynyň netijesinde ilatyň durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç toparlarynyň janyna ýa-da saglygyna zeper (zyýan) ýetirilmeginden olary goramak boýunça çäreleri görýär;

3) durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç adamlary ýüze çykarmaga ýardam edýär;

4) döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde çagalaryň garawsyz we gözegçiliksiz galmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

5) döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça işleri geçirýär.

4. Şu maddada görkezilýän döwlet edaralary ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler we durmuş hyzmatlary çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler, ygtyýarly edara bilen özara hereket edýärler, edilýän durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri, olary etmegiň şertleri, «ynam telefony» belgileri hakynda ilata habar bermek boýunça çärelere gatnaşýarlar, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

11-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň ygtyýarlylygy

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary durmuş hyzmatlary çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;

3) durmuş hyzmatlaryny etmegiň meseleleri boýunça ygtyýarly edara, durmuş hyzmatlaryny etmegi amala aşyrýan degişli edaralar, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara hereket edýärler;

4) durmuş hyzmatlary çygrynda guralýan çärelere gatnaşýarlar;

5) edilýän durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri, olary etmegiň şertleri, «ynam telefony» belgileri hakynda ilaty habarly etmek boýunça çärelere gatnaşýarlar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

12-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary durmuş hyzmatlary çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekligi üpjün edýärler;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;

3) kyn durmuş ýagdaýynyň alamatlary bolan adamlary, maşgalalary ýüze çykarýarlar;

4) dolandyryş-çäk birlikleriniň ilatynyň toparlarynda durmuş hyzmatlaryna bolan zerurlyklaryny kesgitleýärler;

5) durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy bolup biljek adamyň şahsy zerurlyklaryna baha bermäge gatnaşýarlar;

6) garamagyndaky çäkde durmuş hyzmatlarynyň edilmegini guraýarlar;

7) ilatyň durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç toparlarynyň işe ýerleşmegini üpjün edýärler;

8) ilaty durmuş taýdan goramak, weteranlaryň, maýyplygy bolan adamlaryň, köp çagaly, üpjünçiligi pes maşgalalaryň ýaşaýyş jaý we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;

9) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksiz galmagynyň öňüni almak boýunça işi guraýarlar;

10) hossar we howandar bellemek boýunça teklipleri we degişli maglumatlary taýýarlaýarlar, olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirişine gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam edýärler;

11) çagalaryň, olaryň hossarlarynyň we howandarlarynyň durmuş şertlerine monitoringiň amala aşyrylmagyna ýardam edýärler;

12) edilýän durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri, olary etmegiň şertleri, «ynam telefony» belgileri hakynda ilaty habarly etmek boýunça çärelere gatnaşýarlar;

13) ygtyýarly edara bilen özara hereket edýärler;

14) garamagyndaky çäkde durmuş hyzmatlary çygryndaky işi amala aşyrýan döwlete degişli däl guramalara goldaw berýärler;

15) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

13-nji madda. Durmuş hyzmatlary çygrynda jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy

Jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanuna, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda, durmuş hyzmatlary çygrynda çäreleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar.


III BAP. DURMUŞ HYZMATLARY ÇYGRYNDA DÖWLET KEPILLIKLERI

14-nji madda. Durmuş hyzmatlary çygrynda adamlaryň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň kepillikleri

Döwlet durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç adam hökmünde ykrar edilen aýry-aýry adamlara, maşgalalara, adamlaryň toparlaryna şahsy zerurlyklara baha bermegiň esasynda kyn durmuş ýagdaýyny ýeňip geçmek üçin durmuş hyzmatlaryny peýdalanmak mümkinçiligini kepillendirýär.

15-nji madda. Adamlaryň durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga bolan hukugy

Durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç hökmünde ykrar edilen adamlaryň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, ýaşyna, saglyk ýagdaýyna ýa-da beýleki ýagdaýlara garamazdan, durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga hukugy bardyr.

16-njy madda. Adamy durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç diýip ykrar etmegiň esaslary

Şular adamy durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç diýip ykrar etmegiň esaslary bolup durýar:

1) maýyplygy;

2) garrylygy;

3) önümçilikde şikes almagynyň we hünär keseliniň netijeleri;

4) ekleýjisini ýitirmegi, ýekeligi, ýetimligi, garawsyzlygy we gözegçiliksizligi;

5) belli bir ýaşaýan ýeriniň bolmazlygy;

6) hemişelik ýaşaýan ýurduny mejbury çalyşmagy;

7) adam söwdasynyň pidasy bolmagy ýa-da oňa barabar edilmegi;

8) zorlugyň ýa-da jany üçin töwekgellik bilen bagly ýagdaýlaryň netijeleri;

9) maşgala şowsuzlygy;

10) beýleki kyn durmuş ýagdaýlary.


IV BAP. DURMUŞ HYZMATLARYNY ETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

17-nji madda. Durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri

Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylara olaryň şahsy zerurlyklaryny hasaba almak bilen, durmuş hyzmatlarynyň şu görnüşleri edilýär:

1) gündelik durmuşynda durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň ýaşaýyş-durmuşyny goldamaga gönükdirilen sosial-durmuş;

2) seretmekligi guramak, sagaldyş çärelerini geçirmäge ýardam etmek, olaryň saglyk ýagdaýlarynda näsazlyklary ýüze çykarmak üçin durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylara yzygiderli gözegçilik etmek arkaly durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň saglygyny saklamaga we goramaga gönükdirilen sosial-saglygy goraýyş;

3) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň sosial gurşawda uýgunlaşmagy üçin psihologik ýagdaýyny düzetmäge kömek etmeklige, şol sanda «ynam telefonyndan» peýdalanmak bilen, atsyz psihologik kömek etmekligi göz öňünde tutýan sosial-psihologik;

4) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň özüni alyp barşynda we şahsyýetiniň ösüşinde bozulmalaryň öňüni almaga, olarda oňyn gyzyklanmalarynyň emele gelmegine (şol sanda dynç alyş çygrynda), boş wagtlaryny guramaklyga, çagalaryny terbiýelemekde maşgala kömek etmeklige gönükdirilen sosial-pedagogik;

5) işe ýerleşmekde we zähmete uýgunlaşmagy bilen baglanyşykly beýleki meseleleri çözmekde kömek etmeklige gönükdirilen sosial-zähmet;

6) ýuridik kömegini, şol sanda tölegsiz peýdalanmakda, durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda kömek etmeklige gönükdirilen sosial-hukuk.

18-nji madda. Durmuş hyzmatlarynyň formalary

1. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylara öýde durmuş hyzmatlary, ýarym ýatymlaýyn ýa-da ýatymlaýyn durmuş hyzmatlary edilip bilner.

Adamlaryň islegi boýunça durmuş hyzmatlarynyň edilmegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda amala aşyrylyp bilner.

2. Öýde durmuş hyzmatlary durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň işgärleri tarapyndan hemişelik ýa-da wagtlaýyn durmuş taýdan hyzmat edilmegine mätäç adamlara dürli häsiýetli durmuş hyzmatlarynyň edilmegi arkaly amala aşyrylýar hem-de olaryň uýgunlaşmagy we dikeldilmegi we (ýa-da) olaryň ýaşaýşynyň kadaly şertlerini hemişelik goldap durmak üçin kyn durmuş ýagdaýlarynda kömek bermek, şeýle hem şuňa meňzeş ýagdaýlary çaklamak we olaryň öňüni almak üçin tebigy şertleri peýdalanmak maksady bilen geçirilýär.

Öýde durmuş hyzmatlary durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň işgärleri tarapyndan ýeke ýaşaýan adamlara we garrylygy, näsaglygy, maýyplygy we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini bozýan beýleki halatlary bilen baglanyşykly öz-özüne hyzmat etmek ukybyny bölekleýin ýitiren adamlara edilýär.

3. Ýarym ýatymlaýyn durmuş hyzmatlary olary peýdalanyjylara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar tarapyndan günüň belli bir wagtynda edilýär.

4. Ýatymlaýyn durmuş hyzmatlary olary peýdalanyjylara durmuş taýdan hyzmat edýän edarada hemişelik, wagtlaýyn (aýratyn meýilnamada kesgitlenen möhlete) ýa-da bäş günlük (hepdede), gije-gündizlik ýaşalan wagtynda edilýär.

5. Durmuş hyzmatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet we döwlete degişli däl durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar tarapyndan amala aşyrylyp bilner. Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar öz işini Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar hakynda birkysmy düzgünnama laýyklykda amala aşyrýarlar.

19-njy madda. Durmuş hyzmatlarynyň hil standartlary

1. Durmuş hyzmatlarynyň hili bellenilen tertipde tassyklanan kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

2. Durmuş hyzmatlarynyň anyk görnüşleri üçin hil standartlary, olaryň hil standartlaryny ulanmak boýunça usuly görkezmeleri ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanýar we şulary öz içine alýar:

1) durmuş hyzmatlarynyň guralmagyny we dolandyrylmagyny;

2) durmuş işgärleriniň we durmuş işi boýunça hünärmenleriň hünär derejelerini;

3) edilýän durmuş hyzmatlarynyň, olaryň peýdalanyjylary üçin gazanylan netijeleri hasaba almak bilen netijeliligini.

3. Ygtyýarly edara durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijilere hil standartlaryny ulanmak boýunça usuly görkezmeleri berýär.

Hil standartlary ähli durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler üçin hökmany bolup durýar.

4. Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler özleriniň edýän durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin hyzmatlaryň döwürleýin we ýyllyk hil gözegçiligini we monitoringi geçirmek boýunça çäreleri hem öz içine alýan öz meýilnamalaryny işläp düzýärler.

20-nji madda. Durmuş hyzmatlary çygrynda döwlet gözegçiligi

1. Durmuş hyzmatlary çygrynda hökmany talaplaryň berjaý edilmegine döwlet gözegçiligi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Döwlet edaralarynyň garamagynda durýan durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň, durmuş hyzmatlaryny edýän döwlete degişli däl (täjirçilik we täjirçilik däl) guramalaryň we hususy telekeçileriň hataryndaky durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler tarapyndan şu Kanunyň, durmuş hyzmatlary çygrynda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilmegi durmuş hyzmatlary çygrynda döwlet gözegçiliginiň predmeti bolup durýar.


V BAP. DURMUŞ HYZMATLARYNY PEÝDALANYJYLARYŇ, DURMUŞ HYZMATLARY BILEN ÜPJÜN EDIJILERIŇ IŞGÄRLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

21-nji madda. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary

1. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň şulara hukugy bardyr:

1) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiniň işgärleri tarapyndan hormat bilen we ynsanperwerlikli garalmagyna;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna;

3) durmuş hyzmatlaryny peýdalanýan wagty zorlugyň dürli görnüşlerinden, ten şikesiniň, fiziki ýa-da ahlak taýdan zyýan ýetirilmeginden, äsgermezlik edilmeginden, ýaramaz garalmagyndan ýa-da peýdalanylmagyndan goralmaga;

4) sanitariýa-gigiýena talaplaryna laýyk gelýän durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda bolmagyň şertleriniň üpjün edilmegine, şeýle hem degişli ideg edilmegine;

5) öz hukuklary, borçlary, edilýän durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri we formalary, olary etmegiň möhletleri, tertibi we şertleri, şol hyzmatlara bolan nyrhlar barada, şol hyzmatlary tölegsiz peýdalanmak mümkinçiligi barada, şeýle hem durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler barada elýeterli görnüşde tölegsiz maglumat almaga;

6) maslahat berilýän durmuş hyzmatlarynyň görnüşlerini peýdalanmaga meýletin razylyk bermäge we olardan ýüz öwürmäge;

7) durmuş hyzmatlarynyň edilýän her tapgyryna gatnaşmaga we peýdalanýan durmuş hyzmatlary barada öz pikirini beýan etmäge;

8) olaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutýan aýratyn çemeleşmäniň ulanylmagyna;

9) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijini erkin saýlamaga;

10) hyzmatlary etmegiň usuly we netijeliligi, olaryň hilini gowulandyrmagyň mümkinçilikleri we durmuş hyzmatlaryny peýdalananda, olaryň hukuklaryna we bähbitlerine degişli bolan islendik meseleler barada öz pikirini erkin beýan etmäge;

11) durmuş işgärine mälim bolan şahsy häsiýetli maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň saklanmagyna;

12) kanuny wekiller, adwokatlar, notariuslar, jemgyýetçilik we (ýa-da) beýleki guramalaryň wekilleri, ruhanylar, şeýle hem garyndaşlary we beýleki adamlar tarapyndan erkin baryp görülmegine;

13) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler tarapyndan durmuş çygrynda hyzmatlarynyň edilmezligi ýa-da talaba laýyk edilmezligi barada arza bilen ygtyýarly edara ýüz tutmaga;

14) aýratyn meýilnamalary düzmäge gatnaşmaga;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wezipeli adamlaryň, durmuş işgärleriniň, şeýle hem durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň hereketlerine (hereketsizligine) şikaýat etmäge;

16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hukuklara.

2. Çagalar tarapyndan durmuş hyzmatlary peýdalanylanda, olaryň pikiri we ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň pikiri nazara alynýar.

3. Hossarlykda ýa-da howandarlykda bolýan kämillik ýaşyna ýeten adamlara durmuş hyzmatlarynyň edilmegi, olaryň hossarynyň ýa-da howandarynyň isleglerine we pikirlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Olarda gapma-garşylyk bolanda, durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç adamyň islegi ileri tutulýar.

4. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylar şulara borçludyr:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, durmuş hyzmatlarynyň edilmegi üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary bermäge;

2) durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmaga;

3) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijilere durmuş hyzmatlarynyň edilmegine ýa-da edilmeginiň bes edilmegine täsir edýän ähli ýagdaýlar barada öz wagtynda habar bermäge;

4) şahsy işindäki kepilnamalary her ýyl täzelemäge (durmuş taýdan hyzmat edýän edarada we ýöriteleşdirilen edaralarda hemişelik esasda bolýan adamlar üçin);

5) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň işgärlerine hormat bilen garamaga;

6) şahsy zerurlygyna baha bermek işine päsgel bermezlige.

22-nji madda. Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň işgärleriniň hukuklary we borçlary

1. Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň işgärleriniň şulara hukugy bardyr:

1) zähmeti goramagyň talaplaryna laýyklykda, olaryň iş şertleriniň üpjün edilmegine;

2) öz hünär abraýynyň we mertebesiniň goralmagyna;

3) amaly we nazaryýet taýýarlygynyň gazanan derejesine laýyklykda, hünär derejeleriniň dakylmagyna;

4) hünär bilimleriniň we başarnyklarynyň kämilleşdirilmegine;

5) öz hünär borçlaryny geleňsizlik ýa-da sowuk-salalyk bilen ýerine ýetirmegi bilen bagly bolmadyk, durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjynyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirendigi üçin hünär töwekgelçiliginiň we hünär jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagyna.

2. Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň işgärleri şulara borçludyr:

1) durmuş hyzmatlaryny etmegiň bellenen tertibini berjaý etmäge;

2) hünär syryny düzýän maglumatlary aýan etmezlige;

3) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylara hormat bilen we ynsanperwerlikli garamaga, olara zyýan we (ýa-da) zeper ýetirýän hereketlere ýol bermezlige;

4) durmuş hyzmatlaryny etmegiň täze hünär usullaryny ulanmagyň tertibini berjaý etmäge.


VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

24-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Durmuş hyzmatlary çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

25-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.