S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde däp bolan, her hepdede geçirilýän ylmy duşuşygy geçirildi.
Bu çärä ýurdumyzyň telekeçileri, Ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ekarançylar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary we beýleki ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar dünýäde iň çalt ösýän daragt – Pawloniýa agajy barada, onuň ösüş aýratylyklary bilen tanyşdyryldy. Oba hojalyk hünärmenleri ýerli şertlerde Pawloniýany ýetişdrimegiň tehnologiýasynyň ýönekeýligini, ekologiýa üçin gymmatly peýdasyny, senagatyň dürli pudaklarynda köp ulanyp bolýanlygyny we başga-da ençeme meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Telekeçiler Pawloniýa agajynyň ýeňilligi we aşa berkligi üçin onuň gurluşyk senagatynda, mebel, gaplajy materiallary, saz gurallaryny ýasamakda giňişleýin ulanylýandygyny bellediler. Pawloniýanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem – onuň sellýulozosyndan bioýangyç öndürilýär. Ol daşky gurşawy goramak üçin alternatiw çeşmeler gözlenilýän häzirki şertlerde örän wajypdyr.
Agajyň iri ýapraklary beloklara, süýümlere we mikroelementlere baýdyr, ýeňil siňýär we mallara iým hökmünde ulanylýar. Pawloniýanyň hoşboý ysly gülünden witaminlere we minerallara baý ýokary hilli ary baly alynýar. Onuň ýapragy we güli farmasewtikada we parfýumeriýada ulanylýar. Şeýle hem kömürturşy gazyny has köp özüne alýan Pawloniýa köçeleriň, baglaryň we seýilgähleriň bezegidir. Onuň ýaýbaň kökleri topragyň hilini we düzümini gowulandyryp, zaýalanmagynyň öňüni alýar.
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-daky şular ýaly duşuşyk her hepdäniň şenbe güni geçirilýär. Bu çärelerde dürli mowzuklar boýunça pikir alyşylýar, bu bolsa okuw okatmagyň hilini has-da baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Däp bolan bu duşuşyklara ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýerli we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Geçen duşuşygyň myhmanlarynyň arasynda oba hojalygynda toplumlaýyn ulanmak üçin ekologiýa taýdan arassa önümleri işläp taýýarlaýan, öndürýän we ýaýradýan Awstriýanyň «Nourivit» kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşdy. Kompaniýanyň hünärmenleri oba hojalyk ekinleriniň goragyna, çalt ösmegine we hasyllylygynyň artmagyna ýardam edýän biodökün bilen tanyşdyrdylar.
Bu ýerde geçirilýän duşuşyklar taglymat we ylmy söhbetdeşlik bilen çäklenmeýär. Olaryň baş wezipesi – alnan bilimleri peýdaly ulanmak, olary işde berkidip ýokary netije gazanmakdyr. Munuň üçin talyplara uniwersitetiň çägindäki ýerde, onuň çäginden daşarda hem ençeme mümkinçilikler döredilýär.
Uniwersitetiň açyk synag meýdançalarynda geljekki agronomlar halypalaryň ýolbaşçylygynda miweli baglary şeýle hem üzüm agaçlaryny ýetişdirýärler. Amaly sapaklar bu ýerde gurlan we alty bölege bölünen ýyladyşhanada geçirilýär. Ýyladyşhanada geljekki hünärmenler dürli ekinleri ýetişdirmek boýunça tejribe toplaýarlar, tohumlary, topragy, dökünleri, ösümlikleri goşmaça iýmitlendirýän we goraýan derman serişdelerini synag edýärler.
Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň uly mygallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Merdan Pirlekow talyplara hünär endiklerini öwretmekde ýurduň OST-ny ösdürmegiň ileri tutulýan kadalaryndan ugur alynýandygyny belleýär. Häzirki synag gök ekinleriň mysalynda ösümlikleri adaty we topraksyz ýetişdirilmegini deňeşdirmäge hem-de ony seljermäge bagyşlanan. Adaty usuldan birnäçe artykmaçlyklary bolan topraksyz ýetişdirmek (gidropon) usulda adaty topraga derek substratlar – iki we ondan köp komponentleriň garyndysy ulanylýar. Biz ýerli çig malyň esasynda garyndylary ulanýarys we şunlukda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri yurdumyzda öndürmek boýunça wajyp wezipäni çözmäge gatnaşýarys.
Talyplar «CLAAS», «John Deerе», «Case», «Caterpillar» we beýleki öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilen okuw merkezlerinde mehanizatorlyk hünärini öwrenýärler. Bu ýerde galla ýygnaýjy kombaýnyň okuw enjamy oturdylan, bu hasyl ýygymynda ony dolandyrmak endiklerini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Geljekki hünärmenler kuwwatly tehnikanyň işleýşini, gurluşyny, oňa hyzmat edilişini bilmelidirler. Talyplara hünär öwretmäge daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşýarlar, olar tematik onlaýn-okuwlar geçirýärler. Talyplar üçin ekinli meýdanlarda, tehniki binýatlarda, oba hojalyklarynda we beýleki düzümlerde sapaklar guralýar.
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň düzümindäki Botanika bagy, Maldarçylyk we weterinariýa, ahal-teke atçylyk Ylmy-önümçilik merkezleri, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkezi mugallymara we talyplara amaly iş, ylmy barlaglar, synaglar üçin meýdança bolup hyzmat edýärler.
Geçirilýän çäreleriň ählisi geljekki hünärmenlere hünär başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem geljekde işlejek ýeri bolan milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň birnäçesini özünde jemleýän ýurdumyzyň oba senagat toplumyna has işjeň garamaga mümkinçilik berýär.