Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk instituty genetika boýunça olimpiada geçirdi. Institutyň talyplarynyň ýedisi aň-paýhas bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelediler.
Onda «Weterinariýa» ugrundan bilm alýan 2-nji ýyl talyby Wahypjan Permanow ýeňiş gazandy.
Ikinji orny Gözel Miriýewa («Ýyladyşhana hojalygy» ugry, 1-nji ýyl talyby), Pälwan Muhammedow («Agrohimiýa we topragy öwreniş» ugry, 2-nji ýyl talyby) we Enebaý Annalyýewa («Agroekologiýa» ugry, 3-nji ýyl talyby) eýelediler.
Aýlar Amanowa («Ýyladyşhana hojalygy» ugry, 2-nji ýyl talyby), Gülnoze Maşaripowa («Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylyk» ugry, 2-nji ýyl talyby) we Laçyn Gurbanmuhammedowa («Agrohimiýa we topragy öwreniş» ugry, 2-nji ýyl talyby) baýrakly üçünji orna mynasyp boldular.
Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänler Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanyldy.
Olimpiada alty ugurdan hünär alýan talyplaryň 40-sy gatnaşdy. Olar ýokarda ady agzalan bäş we «Agronomiýa» ugurlarydyr. Olara «Genetika» kursunyň esasy düşünjeleri we amaly meseleleri bilen bagly barlagnama sowallarynyň 50-si berildi. Bäsleşik institutyň sanly bilim binýadynda geçdi.
Olimpiada talyplaryň genetika babatda bilimine baha bermegi, olaryň hünär taýdan ösüşine ýardam etmegi, döredijilik işjeňligini höweslendirmegi, özbaşdak iş endiklerini ösdürmegi, şeýle hem taglymat we amaly bilimdir başarnyklaryny berkitmegi maksat edindi.
Mundan başga-da, institutyň mugallymlary olimpiada talyplara goşmaça ylmy düşünjeleri almaga, hususan-da, oba hojalgynda öýjük inženeriýasyny iş ýüzünde özleşdirmäge we ulanmaga mümkinçilik berdi, şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmegiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamagyň çäklerinde ylmy işi ilerletmäge ýardam etdi diýip pikir edýärler.
Institutda yzygiderli geçirilýän dürli bäsleşikleriň esasy maksady milli bilim ulgamynyň baş wezipeleriniň biri bolan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamakdyr.