Ï Ýurdumyzyň talyplarynyň Petropolitan Science (Re)Search olimpiadasynda gazanan üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň talyplarynyň Petropolitan Science (Re)Search olimpiadasynda gazanan üstünligi

view-icon 4528
Ýurdumyzyň talyplarynyň Petropolitan Science (Re)Search olimpiadasynda gazanan üstünligi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň ikisi Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň talyplaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda guran Petropolitan Science (Re)Search Açyk halkara olimpiadasynda «Hasaplaýyş tehnologiýalary (fundamental informatika we informasiýa tehnologiýalry)» ugrundan ýeňiş gazandylar hem-de baýrakly orny eýelediler.

Saýlama we jemleýji tapgyryň netijesi boýunça 85 ball toplan Nurgeldi Döwletow olimpiadanyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Baýrakly orny eýelän Begençmyrat Berdiýew 79 ball gazandy. Olaryň ikisi-de TTII-niň «Maglumatlar howpsuzlygy» hünäriniň 1-nji ýyl talybydyr.

Bu ugurdan bary-ýogy 4 adam (2 ýeňiji we 2 baýrakly orny eýelän) üstünlik gazandy - olaryň ikisi bolsa Türkmenistandan. Ikinji ýeňiji ýaşlar gözden geçirilişi guran ýokary mekdebiniň wekili, beýlekisi Beýik Pýotr adyndaky Sankt-Peterburg politehniki institutynyň talyby.

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň guran olimpiadasy «Hasaplaýyş tehnologiýalary» ugry boýunça maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda meseleleri çözmekde üýtgeşik çözgütleri tapmaga ukyply, başarjaň we bilimli has zehinli talyplary hem-de uçurymlary ýüze çykarmagy maksat edinýär. Olimpiada üçin ýörite taýýarlanan meseleler oňa gatnaşýanlaryň programma düzmegiň häzirkizaman tehnologiýalaryndan bilimi, bar bolan programma çözgütlerine analiz bermek we şahsy programma çözgütlerini döretmek, parallel we bölünen hasaplamalar, maglumatlary işlemek we enjam okuwy usullaryna başarnygyny barlamaga gönükdirilendir.

Petropolitan Science (Re)Search talyplaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda her ýyl geçilýän Açyk halkara oliompiadasydyr. Oňa Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 400-siniň talyplary we uçurymlary gatnaşýarlar.

Intellektual bäsleşikler 17 ugur boýunça geçirilýär. Olaryň arasynda «Şaher ösüşini dolandyrmak (menejment)», «Pedagogika», «Fundamental mehanika», «Dersara barlaglar (Sungatlar we ynsanperwer ylymlary)», «Psihologiýa», «Hasaplaýyş tehnologiýalary (düýpli informatika we informasiýa tehnologiýalrydüýpli informatika we informasiýa tehnologiýalary)», «Filologiýa», «Matematika», «Lingwistika», «Ykdysadyýet we maliýe» hem-de beýleki ugurlar bar. Bir söz bilen aýdanyňda, olaryň sanawy uzyn, şonuň üçinem olimpiada öz ugry boýunça güýjüni synamak isleýän her kişi gatnaşyp biler. Özi-de, olimpiada gatnaşylmaly ugurlar çäklendirilmeýär.

Olimpiada çuňňur bilimli we giň ylmy garaýyşly zehinli ýaş hünärmenleri höweslendirmek üçin döredildi. Petropolitan Science (Re)Search olimpiadasynda ýeňiş gazananlar we baýrakly orunlary eýelänler taýýarlyk ugruna görä Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň magistraturasyna we aspiranturasyna girmäge öz şahsy üstünligi üçin goşmaça 100 balla çenli alyp bilerler. Ýaşlar üçin halkara intellektual gözden geçiriliş – oňa gatnaşyjylaryň öz hünär ulgamynda ylmy-barlag we döredijilik başarnygyny açmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.