31-nji maýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmem milli dünýä dilleri institutynda Gündogaryň şahyry Abulkasym Firdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçdi.
Çärä institutyň talyplary, mugallymlary, Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, eýran diplomatlary, pars dili we edebiýaty mugallymlary we alymlar, jemgyýetçilik guramalrynyň wekilleri, şeýle hem Gündogar edebiýatynyň muşdaklary gatnaşdylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory çärä gatnaşýanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Okuw jaýynyň ýolbaşçysy maslahata gatnaşýanlara Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da ynsanperwer gatnaşyklary, medeni we akademik hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales-de özüniň çykyşynda şahyryň döredijiliginiň ähmiýetini beýan etdi.
Eýran diplomaty iki ýurduň dostluk gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň hökümetine hoşallygyny bildirdi.
Talyplar institutyň sahnasynda edebi gahrymanlaryň janlanan keşpleri arkaly «Şanama» eserinden parçalary janlandyrdylar. Institutyň talyplarynyň pars dilindäki çykyşlary eýranly diplomatlarda we mugallymlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Şol ýerde türkmen-eýran medeni-çeper serginiň guralandygyny-da bellemelidiris. Onda halk senetleri, suratlar, kitaplar, miniatýuralar, el işleri we eýran hem türkmen halklarynyň amaly-haşam sungat önümeleri, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary görkezildi.