Ï Türkmenistanda Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin her ýylky toplumlaýyn olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin her ýylky toplumlaýyn olimpiada geçiriler

view-icon 130
Türkmenistanda Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylary üçin her ýylky toplumlaýyn olimpiada geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Halkara bilim güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda taryh, matematika, türkmen we iňlis dilleri boýunça IV olimpiadany geçirer.

Olimpiada gatnaşmaga Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary çagyrylýar.

Gatnaşmak isleýänler 20-nji marta çenli degişli resminamany dolduryp, parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ugratmalydyr.

Olimpiadanyň geçiriljek takyk senesi hem-de wagty görkezilen hasaba alnandygy baradaky tassyknama 3-nji aprele çenli gatnaşyjylaryň elektron salgysyna ugradylar.

Olimpiada iki tapgyrda geçiriler, şol tapgyrlar degişlilikde 6-njy we 27-nji aprelde bellenildi.

Olimpiadanyň ýeňijileri bolup I, II we III orunlary eýelänler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar. Mundan başga-da, bäsleşikde tapawutlananlar höweslendiriji baýraklary alarlar. Olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 8-nji maýda, ýokary okuw mekdebiň geljekki dalaşgärleri üçin Açyk gapylar gününde geçiriler.

Olimpiadanyň esasy maksatlary hem-de wezipeleri has zehinli okuwçylary ýüze çykarmakda, giriş synaglaryň maksatnamasyna goşulan okuw dersler boýunça olaryň bilim derejelerine baha bermekden, ylmyň dürli ugurlarynda ýaşlaryň intellektual we döredijilik ukyplaryny goldamakdan hem-de ösdürmekden ybaratdyr.

«Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!» şygary astynda olimpiada ýokary okuw mekdep tarapyndan Halkara bilim güni mynasybetli her ýyl geçirilýär. Bu sene ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi gazanmakda bilimiň eýeleýän ýokary ornunyň hormatyna BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi.

Goşmaça maglumatlar +99361225597 telefon belgisi, ýokarda görkezilen elektron salgy, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda elýeterlidir.