Ï Özbegistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň döwlet zähmet gözegçileriniň ilkinji forumy başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň döwlet zähmet gözegçileriniň ilkinji forumy başlady

view-icon 4798

9-njy awgustda Özbegistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň döwlet zähmet gözegçileriniň forumynyň ilkinji gününde Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Russiýadan 60-dan gowrak bilermen zämet pudagynda döwlet gözegçiligi boýunça syýasaty bilelikde işläp düzmek we durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga başlady. Forum Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy bilen Özbegistan Respublikasynyň Iş üpjünçiligi we zähmet gatnaşyklary ministrligi tarapyndan guraldy.

Çäräniň dowamynda zähmet gözegçileriniň bilim derejesini, işiniň täsirliligini we netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar. Munuň üçin birnäçe halkara okuw meýilleşdirilýär.

Duşuşyga gatnaşýanlar Halkara Zähmet guramasynyň iň möhüm ýörelgelerine, migrasiýa kanunçylygyna, şikessizlik düşünjesine, şeýle hem oba hojalygyndaky zähmet kanunçylygy bilen baglanyşykly meselelere garamagy meýilleşdirýärler.

12-nji awgustda tamamlanjak forumyň netijesi boýunça, Merkezi Aziýada howpsuz iş şertlerini üpjün etmegiň we zähmet hukuklaryny goramagyň häzirki zaman mehanizmlerini ornaşdyrmak meselesine umumy çemeleşmeler döretmek meýilleşdirilýär.