Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumat merkezi bilen bilelikde saglyk we sagdyn durmuş ýörelgesiniň internet sowalnamasyny taýýarlady.
Onbir soragdan ybarat sowalnama, saglygy berkitmäge we keselleriň öňüni almaga, raýatlary sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga we gündelik edim-gylymlaryna peýdaly endikleri ornaşdyrmakda höweslendirmäge gönükdirilendir. Ol adamlara saglyk meselelerine ünsi jemlemäge, ýaşaýyş- durmuş derejesini seljermäge mümkinçilik berýär.
Sowalnamada “Irden maşk edýärsiňizmi?”, “Gündelik iýmitiňize miwedir gök önüm goşýarsyňyzmy?”, “Ertirlik nahary siziň üçin hökmanymy?”, “Günüň dowamynda durmuşyňyzda bolup geçen ýakymly pursatlary ýatlap ýylgyrýarsyňyzmy?” we ş.m. sowallar bar.
Sowalnama ilat tarapyndan oňyn garşylanandygyny gelýän seslenmeler tassyklaýar. “Mahabat” müdirliginiň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, raýatlaryň jogaplary begendirýär. Mysal üçin, adamlaryň aglabasynyň oýanan badyna, suw içmegi halaýandygy barada netije çykarmak bolýar, eýsem-de bolsa, bedenimize köp peýda getirip biljek bu endik ýönekeý bir zat hasaplanýar. Ýa-da “Irden näçede oýanýarsyňyz?” diýen soraga köpler: “Ir sagat 6 bilen 8 aralygy iň amatly wagt” diýip, jogap beripdir.
Geljekde, müdirlik şeýle sowallary möhüm senä ýa-da waka, belli bir ugra, mysal üçin, Türkmenistanyň sentýabr aýynda bellenýän Garaşsyzlyk gününe gabat getirmek bilen, yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýär. “Günüň dowamynda okamaga näçe wagt sarp edýärsiňiz?”, “Iň soňky okan kitabyňyz? Ol haýsy žanrda ýazylypdyr?” ýaly sowallary öz içine alyp biljek bilim sowalnamasy. Sowallar degişli ses we wideo materiallar bilen bilelikde bolup biler.
Şeýle sowallary düzmek üçin, ýörite döredijilik topary döredildi.