Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak bilen baglanşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň agzalary üçin birinji özara tejribe alyşmak üçin okuw tapgyry tamamlandy. Ony 2022-nji ýylyň apreli aýyndan başlap, Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde Halkara Söwda Merkezi (HSM) Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasynyň çäklerinde guraýar.
Okuw BSG ulgamynyň esasy düzgünlerini we ýörelgelerini öz içine alýan meseleleriň giň toplumyna bagyşlandy we bular barada birnäçe ylalaşyklara garaldy. Çärä gatnaşanlar goşulmak barada gepleşikler üçin zerur resminamalara bildirilýän talaplar bilen tanyşdylar.
(HSM) Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara Söwda Merkezi sebitiň içinde we halkara söwdasyny höweslendirmek arkaly Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine öz goşandyny goşmak üçin tagallalaryny birleşdirdiler.