Yssy howa şu hepdäniň ahyrynda peselip başlar. Käbir ýerlerde howanyň temperaturasy iň ýokary görkeziji bolan +40 gradusdan + 30 gradusa çenli peseler.
Aşgabatda güneşli howa bolar. Howa hepdäniň başynda gündizlerine durnukly + 38… + 39, gijelerine +23… + 24 gradus bolar. Penşenbeden howanyň gyzgyny birneme peselip başlar. Netijede, dynç günleri gündizlerine +34, gijelerine + 20 howa bolar.
Ahal welaýatynda howa gündizlerine +33 gradusa çenli, gijelerine bolsa + 19… + 24 gradusa çenli peseler.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine + 30… + 35 , gijelerine +24 gradus bolup, käýerlerde şemal öwser.
Mary welaýatynda gündizlerine + 35… + 40, gijelerine + 18… + 23 gradus howa bolar. Hepdäniň ahyryna howa has salkyn bolar. Dynç günleri gündizlerine +30… +35, gijelerine + 12, + 17 gradus howa bolar.
Lebap welaýatynda howa yssy bolar. Gündizlerie + 40°C, gijelerine + 18… + 23°C. Hepdäniň ahyrynda gündizlerine aram temperaturaly howa bolar + 29… + 34°C.
Daşoguz welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine + 39, gijelerine + 17… + 21 gradus bolar. Dynç günleri gündizki temperatura + 30 gradus bolar.