Hepdäniň dowamynda welaýatlaryň birnäçesinde az wagtlaýyn ýagşyň ýagmagy hem-de güýçli ýeliň bolmagy mümkin. Şeýle-de bolsa Türkmenistanda howanyň ortaça temperaturasy +37 gradusa deň bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly, hepdäniň başynda salkyn howa bolar. Howa gündizlerine +27…+29, gijelerine +15…+17 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň derejesi ýokarlanar. Dynç günlerinde +33…+35 gradus howanyň bolmagyna garaşylýar.
Ahal welaýatynda az kem ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +25…+30, gijelerine +13…+18 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy +38 gradus bolar diýlip çaklanylýar.
Balkan welaýatynda şemally we ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +33…+38, gijelerine +23…+28 gradus bolar.
Mary welaýatynda güneşli howanyň bolmagyna garaşylýar. Howa gündizlerine +24…+29, gijelerine +16…+21 gradus bolar. Hepdäniň ortalaryndan başlap, howanyň derejesi ýene-de ýokary galar. Howa dynç günlerinde +38 gradus bolar.
Lebap welaýatynda howa gündizlerine +24…+29, gijelerine +17…+22 gradus bolar. Howanyň temperaturasy dynç günlerinde +32…+37 gradus bolar diýlip çaklanylýar. Şemal bolmagy mümkin.
Daşoguz welaýatynda salkyn we şemally howa bolar. Howa gündizlerine +21…+26, gijelerine +10…+15 gradus bolar. Hepdäniň ahyrlarynda gündizki görkezijiler +35 gradusa çenli ýokarlanar. Şol bir wagtda howanyň gijeki temperaturasy +14…+19 gradusa barabar bolar.