Ï Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan bäsleşigiň jemi jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan bäsleşigiň jemi jemlendi

view-icon 5972

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guran Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Jan Watanym, Türkmenistan!» döredijilik bäsleşginiň jemi jemlendi.

Döredijilik gözden geçirilişi Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýaş hünärmenleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi. Oňa gatnaşanlara bäsleşigiň çäklerinde öz döredijiligini görkezmäge, sungatyň dürli görnüşlerinde çykyş etmäge, Watanymyzyň üstünliklerini beýan edýän awtorlyk işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredildi.

Netijede, emin agzalarynyň çözgüdi bilen ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanan iň gowy işleriň awtorlary – ýeňijileriň 14-si yglan edildi.

Olaryň arasynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň sekizisiniň wekilleri: Allamyrat Amandurdyýew (Türkmenistanyň Baş prokuraturasy), Aýbölek Nursähedowa (Aşgabat ş. prokuraturasy), Zamira Babanazarowa (Lebap welaýat kazyýeti), Meýlis Serdarow (Aşgabat şäher döwlet notarial edarasy), Tyllabaý Şükürow (Lebap welaýat gümrükhanasy), Remezan Gullyýew (Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy), Erkin Saparow (Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Kerki etrap polisiýa bölümi) we Arslan Mämmedorazow (Türkemnistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty) bar.

«Adalat» gazetiniň işgärlerinden Nurana Dadaýewa, Muhammetnur Ýazgeldiýew hem-de Maksat Müllikow ýeňiş gazandylar.

Paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary: Baky Nurmuhammedow (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Atamyrat Bekçiýew (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty), Çemen Myratjanowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) ýeňiji diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.