Ï Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim ulgamynda ileri tutulýan möhüm ugurdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim ulgamynda ileri tutulýan möhüm ugurdyr

view-icon 25749

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleri taýýarlanylýan ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Bu ýokary okuw mekdebinde talyplara daşary ýurt dillerini öwretmekede netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýaşlara üç dili – ene dilini, hünär dilini we ikinji daşary ýurt dilini öwretmäge üns berilýär.

Okuw işleri daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda institutymyzda toplumlaýyn maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen degişli işler alnyp barylýar. Daşary ýurt dillerini okatmak konsepsiýada bellenilen daşary ýurt dillerini okatmagyň hiliniň dünýä ölçegleriniň kadalaryna we talaplaryna laýyk gelmegine esaslanýar. Resminama laýyklykda hereketleriň, okuwy guramagyň yzygiderliligi üpjün edilýär.

Talyplaryň okuw temalaryny we sapaklary doly özleşdirmegi, olara çuňňur düşünmegi, olaryň dünýä dillerinde erkin gürlemegi üçin okuw işi kämilleşdirilýär. Daşary ýurt sözleýiş dilini bilşini we ýazuwy başarnygyny yzygiderli güýçlendirmek, öwrenýän diliniň ýurt taryhyny we medeniýetini öwrenmek hem wajyp wezipeleriň hataryna girýär. Ýokary okuw mekdebiň mugallymlary daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirkizaman usullaryny başarnykly ulanýarlar we okatmakda bilim tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýarlar.

Institutyň tejribeli mugallymlary, professorlary talyplaryň höwesini we bilimini artdyrmaga çalşyp, dilleri goşmaça öwrenmek isleýänleriň başlangyçlaryna we höwesine ýardam edýärler. Olar ýaşlary lingwistik olimpiadalara, bäsleşiklere gatnaşmaga, dilleri öwretmek we öwrenmek bilen bagly ylmy işleri ýazmaga höweslendirýärler.

Mugallymlar ýaşlara baý tejribesini höwes bilen öwredýän, talyplaryň ony öwrenmäge mümkinçilik döredýän we işinde täze bilimleri maksada okgunly ulanmaga kömek berýän ýakyn halypalary bolup durýarlar. Institutyň halypa-mugallymlary daşary ýurt dilleriniň terjimesi, elektron sözlükleri döretmek bilen meşgullananlarynda bu işe talyplary-da çekýärler.

Dilleri öwretmegiň dürli usullaryna, bu ugurda ylmy we öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýä tejribesini ulanmaga bagyşlanyp yzygiderli geçirilýän daşary ýurt dillerindäki ylmy-amaly maslahatlar, şeýle hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen tematiki onlaýn-maslahatlar geljekki hünärmenleriň hünär taýdan ösmegine ýardam edýär.

Bu institutyň binýadynda «DIL» gysga möhletleýin dil merkezi hereket edýär, onda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli zerur şertler döredilen we ol isleg bildirýänleriň ählisi – talyplar, mekdep okuwçylary we ýurdumyzyň beýleki raýatlary üçin açykdyr.

Institutyň mugallymlarynyň ýurdumyzyň orta mekdepleri üçin daşary ýurt dilleri mugallymlaryny taýýarlamaga goşýan goşandyny hem bellemek gerek. Ýokary okuw mekdebiniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyryş fakultetine gatnaýanlar ikitaraplaýyn duşuşyklarda okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmäge gönükdirilen dürli temalary we meseleleri, usulyýetleri we usullary ara alyp maslahatlaşýarlar. Duşuşyklardan başga-da, mekdepleriň we institutyň mugallymlary daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasynda beýan edilen maksatlara ýetmek üçin ýakyn hyzmatdaşlykda bolýarlar.