Ï Türkmenistanda maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar

view-icon 5091
Türkmenistanda maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanda hepdäniň ahyryna çenli güneşli we açyk howa saklanar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +35 gradus bolar, ýöne gijelerine salkyn howa bolar diýlip çak edilýär.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine + 28… + 30, gijelerine +14… +16 gradus bolar. Aram şemal öwüsmegi mümkin.

Ahal welaýatynda açyk howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +27… +32, gijelerine +11… + 16 gradus bolar.

Balkan welaýatynyň çäklerinde şemally howa bolar. Şeýle hem, az-kem ýagyş ýagmagy ähtimal. Howanyň temperaturasy gündizleriine +27… +32, gijelerine +16… +21 gradus bolar.

Mary welaýatynda güneşli howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +26… +31, gijelerine +4…+9 gradusdan +8… +13 gradus aralygynda bolar.

Lebap welaýatynda şemally howa bolar. Bu ýerde howanyň temperaturasy gündizlerine +25…+30, gijelerine +4 gradusdan +13 gradus aralygynda bolar.

Daşoguz welaýatynda güneşli howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +23…+28, gijelerine +3 gradusa çenli peseler diýlip çak edilýär. Dynç günlerine golaý gijelerine +12 gradusa çenli maýyl bolar.