«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy 9-njy oktýabrda bellenýän Bütindünýä poçta güni mynasybetli, «Gözellik tebigatdan başlanýar» atly hatlar bäsleşigini geçirýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin, türkmen, rus ýa-da iňlis dilinde tebigatyň ajaýyp gözelligini, haýran galdyryjy görnüşini wasp edýän hat ýazmaly. Bu hatda tebigata aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti-de beýan edilmelidir. Biz tebigatymyzyň eýeleridiris, ol bolsa ähli baýlyklary bilen Günüň hazynasydyr. Şonuň üçin-de biz ony gorap saklamalydyrys.
Biz ony diňe özümiz üçin däl, eýsem geljek nesiller üçinem, planetamyzda ýaşaýan haýwanlar, guşlar, mör-möjekler we balyklar üçinem aýamalydyrys.
Haty 13-nji oktýabra çenli şu elektron salga ibermelidir: tebigatçy.jemg@gmail.com.
Iň gowy 10 işiň ýazarlaryna gyzykly syýahat garaşýar. Soraglaryňyz babatynda mmakhym@mail.ru elektron salgy boýunça habarlaşyp bilersiňiz.