Güýz pasly ortalan hem bolsa, ýurdumyzda maýyl howa dowam edýär. Birnäçe ýerlerde gysga möhletli ýagyş ýagjakdygyna garamazdan, gündizlerine howanyň temperaturasy +30 gradus töwereginde bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +28… +30, gijelerine +15…+17 gradus bolar. Az-kem ýagyş ýagmagy we aram şemal öwüsmegi mümkin.
Ahal welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +26…+31, gijelerine +13…+18 gradus bolar.
Balkan welaýatynda ýagyş ýagmak we şemal öwüsmek ähtimallygy ýokary. Howanyň ortaça temperaturasy gündizlerine +26…+31 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy gündizlerine +19…+24, gijelerine +16… +21 gradusa çenli peseler.
Mary welaýatynda güneşli howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +25…+30, gijelerine +4…+9 gradusdan +12…+17 gradus aralygynda bolar. Hepdäniň ortalarynda az wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +25… +30, gijelerine +11… +16 gradus bolar. Az wagtlyk ýagyş ýagmagy ähtimal.
Daşoguz welaýatynda bulutly we şemally howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +23…+28 gradus bolup, gijelerine + 2 gradusa çenli peseler. Dynç günlerine golaý howa gijelerine +15 gradusa çenli maýyl bolar.