BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň edaralarynyň işlerine mundan beýläk-de gatnaşdyrmak maksady bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň täze topary üçin birnäçe okuwlar geçirýär.
Olar okuwlaryň çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howa üýtgemegi ugrundaky işleri, Howanyň üýtgemesi boýunça Pariž ylalaşygynyň ýurdumyzda durmuşa geçirilişi bilen tanşarlar. Öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurt boýunça edarasynyň wekilleri çagalaryň we dürli jemgyýetleriň işjeň gatnaşmagy bilen, howanyň üýtgemegine uýgunlaşylyşy, şeýle hem COVID-19 pandemiýasynyň howplary barada maglumat berdiler.
DÖM-iň ýaş ilçilerine, şeýle hem, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş pudagynda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy, geljek bäş ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Ýewropa iş meýilnamasy barada-da maglumat berler.