Ï Ildeşlerimiz ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi babatyndaky tejribäni özleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ildeşlerimiz ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi babatyndaky tejribäni özleşdirýär

view-icon 3235
Ildeşlerimiz ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi babatyndaky tejribäni özleşdirýär

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde geçirilen şäher gurşawynyň durnukly ösüş faktory hökmünde ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi boýunça okuw tapgyry tamamlandy.

Oňa degişli ministrlikleriň we müdirlikleriň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalarynyň işgärleri gatnaşdy.

Maslahata gatnaşanlar energiýa sarp edilişini azaltmak arkaly, işlenen gazlaryň azaldylmagyny gazanmak maksady bilen, energiýa netijeliligi hem «ýaşyl» gurluşygyň aýratynlyklary boýunça halkara tejribeler bilen tanyşdylar.

Sarp boljak tebigy energiýa çeşmelerini tygşytlamak işi eýýäm binanyň taslama döwründe, ýagny göwrümleýin meýilnamalaşdyryş çözgüdi, onuň umumy gurluş düşünjesi we ş.m. işlenip düzülende mümkindir.

Ýylylyk energiýasynyň ýetmezçiliginiň we aşa köplüginiň iň pes derejede bolmagy talap edilýär. Binalaryň içerki mikroklimaty üçin amatly şertleri üpjün etmek üçin sarp edilýän ýangyjyň mukdaryny azaltmak ýyladyş wagtynda çykýan işlenen we beýleki gazlaryň azalmagyna, özümizi gurşap alan tebigatyň hem suwuň goralmagyna alyp barýar.