W.G. Korolenko adyndaky Glazow döwlet mugallymçylyk instituty Açyk bilim merkeziniň rus dilinde alyp barýan işini kämilleşdirmek maksady bilen, birbada Türkmenistanyň raýatlary üçin 20 sany okuwlaryny açdy.
Olaryň arasynda «Rus sözleýiş edebi», «Aragatnaşyk gurmagy öwrenýäris», «Rus medeniýetiniň edebiýatdaky, kinodaky, suratkeşlikdäki, aýdym-sazdaky düşünjeleri», «Rus halk däp-dessurlary», «Meniň Puşkinim» ýaly ugurlar bar.
Bu okuwlar diňe bir taýýarlyk bölümlerinde okaýan dalaşgärler, rus we daşary ýurt ýokary mekdepleriniň talyplary üçin däl, eýsem rus dilinde bilim almak, rus medeniýeti baradaky bilimlerini kämilleşdirmek we rusça sözleýiş hem ýazmaça dil başarnyklaryny ýokarlandyrmak isleýän Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin-de niýetlenendir.
Kurslar şu ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Kursy saýlamak we ýazylmak üçin, şu salgylanma eýermeli.
Taslamanyň ýolbaşçysy, ýokary mekdebiň jemgyýetçilik aragatnaşyklary we filologiýa fakultetiniň dekany Ýelena Ýurýewna Bogdanowanyň belleýşi ýaly, 2021-nji ýylda açylan Açyk bilim merkezinde 300-den gowrak daşary ýurtly rus dilinde bilim alypdyr.