Paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Galkynyşly döwrüň bagtly zenanlary» atly maslahaty geçirildi.
Bu çäräni Türkmenistanyň Bilim Ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde gurnaldy.

Ene-mamalarmyzdan galan el işlermiziň nesilden-nesle dowam etdirmek, maşgala mukaddesligi, edep-ekram, ahlaklylyk ýaly asylly häsiýetleri wagyz nesihat etmek maslahatyň esasy maksady boldy.
Maslahatyň öňüsyrasynda gatnaşyjylar institutyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türkmeniň milli sungatyna degişli gadymdan bari häzirki günlermize ýetip gelen nagyşlary, kümüş saçly ene-mamalarymyzdan miras galan el keşdeleri, dürli haly önümleri, gülli joraplary, zenanlaryň milli lybaslary bolan gadymy kürteleriň görnüşleri görkezilýär. Sergide milli egin-eşikleri bilen bezelen gurjaklar myhmanlarda aýratyn täsin galdyrdy.

Soňra insitutyň uly mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň Konstitusiýasy we milli kanunçylygymyzyň degişli namalary, şeýle hem ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän aýal-gyzlaryň bilimi, saglygy, olaryň durmuş-jemgyýetçilik derejesi bilen baglanyşykly maksatnamalar zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.
