Ï Kokand türkmen fotožurnalistleriniň gözi bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kokand türkmen fotožurnalistleriniň gözi bilen

view-icon 4221
Kokand türkmen fotožurnalistleriniň gözi bilen
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Türki döwletleri guramasynyň (TDG) kätipliginiň kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Kokand şäheri 2022-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edildi.

Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde TDG-ä agza we oňa synçy döwletleriň iň tejribeli fotosuratçylary şu günler geçýän «Kokand türki döwletleriň fotosuratçylarynyň obýektiwinde» atly maglumat syýahatyna gatnaşmaga çagyryldy.

Bu çärä Türkmenistandan Türkmenistan Döwlet habarlar agentliginiň fotosuratlar bölüminiň fotohabarçysy Meretdurdy Rozyýew we «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Ilaman Çüriýew gatnaşýarlar.

Bu syýahatyň dowamynda surathabar ussatlary Kokand şäheriniň dürli gözel ýerlerine baryp görerler.

Özbek däbine görä, maglumat syýahatynyň myhmanlaryna dürli milli tagamlardan dadyp görmek mümkinçiligi berildi. Fotožurnalistleri senetçilik merkezlerine-de baryp gördüler. Bu ýerlerde geçirilen ussatlyk sapaklary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

«Kokand türki döwletleriň fotosuratçylarynyň obýektiwinde» atly maglumat syýahaty öz işini dowam edýär.