Ï «Gerek bolsa, gerçek ýaly edermen türkmen alabaýy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gerek bolsa, gerçek ýaly edermen türkmen alabaýy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi

view-icon 6581
«Gerek bolsa, gerçek ýaly edermen türkmen alabaýy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi

Türkmen alabaýlary milli myrasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdymyzda dabaraly ýagdaýda bellenip geçilen türkmen alabaýlarynyň baýramy bu ýyl özüniň aýratyn öwüşgini bilen tapawutlandy.

Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gulluk itşynaslygy merkeziniň Goňurhan atly türkmen alabaýynyň ýeňiş gazanmagy hem, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda Türkmenistanyň Içeri işler edaralary tarapyndan mynasyp işleriň geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk etýär. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — “Toyota Camry” kysymly awtoulag, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şa serpaýlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy ministrligiň şahsy düzüminiň durmuşynda iň şatlykly buýsançly waka öwrüldi.

Bu şanly waka mynasybetli Türkmenstanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde dabaraly çäre geçirildi. Dabarada gazanylan ýeňiş mynasybetli gutlaglar beýan edildi. Şeýle hem, Goňurhany ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan gulluk itşynaslygy merkeziniň müdiri Ý.Töräýew we alabaýyň idedijisi esger G.Aşyrow hormatly Belent Serkerdebaşymyza türkmen alabaýlarynyň tohumyny goramak, hilini gowulandyrmak we olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak babatda döredip berýän şertleri üçin ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen halkynyň asylly däplerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgat berlen täze awtoulaga alaja daňyldy we un sepildi. Soňra dabara gatnaşýan harby gullukçylar dabaraly ýöriş geçdiler.

Dabara harby bölümiň medeniýet öýünde «Gerek bolsa, gerçek ýaly edermen türkmen alabaýy» atly hoşallyk maslahatynyň çäklerinde dowam etdirildi. Maslahatda çykyş edenler milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä derejesinde belende galdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren beýik işleri barada we häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýändigi barada aýratyn bellediler.

Mähriban Watanymyzyň asudalygynyň goragynda esgerlerdir harby gullukçylar bilen deň hatarda sak durup gulluk edýän Goňurhan bu gün «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen medala mynasyp bolup aýratyn başarjaňlygyny, gaýduwsyzlygyny subut eden alabaý hökmünde taryha girdi. Munuň özi Içeri işler edaralarynyň Hormatly weterany Hormatly belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy içerki gullugyň podpolkownigi Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny uly buýsanç bilen göterýän 1001-nji harby bölüminde Watan öňündäki gulluk borçlaryny mynasyp alyp barýan harby gullukçylar, şol sanda asudalygyň goragçylary üçin ajaýyp nusga öwrülýän mysaldyr.

Bu günki şanly waka mynasybetli dabara gatnaşyjylar geçirilen maslahatyň ahyrynda ýurdymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň adyndan Hormatly Belent Serkerdebaşymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Maslahatyň soňy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň aýdym-saz toparynyň uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen utgaşdy.