Noýabr aýynyň başynda ýurdumyzda ýagyşly we şemally howa bolar. Howanyň temperaturasy +10 gradusdan +27 gradus aralygynda üýtgär.
Aşgabatda hepdäniň başynda ir bilen ümürli howa bolar. Gündizlerine +16...+18, dynç günlerine golaý +25 gradusa çenli, gijelerine +7...+9 gradusdan +12...+14 gradusa çenli maýyl howa bolar. Aram yagyşly we şemally howanyň bolmagy mümkin.
Ahal welaýatynda käte açyk, bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +15...+20, gijelerine +6...+11 gradus bolar. Howa hepdäniň dowamynda gündüzlerine + 26 gradusa çenli maýlar. Şemalyň güýjemegine garaşylýar. Şeýle hem ýagyş ýagmagy mümkin.
Balkan welaýatynda şemally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine + 15 gradusdan + 25 gradusa çenli, gijelerine +11... + 16 gradus bolar. Ygal ýagmagy mümkin.
Mary welaýatynda üýtgäp duran bulutly, ygally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +14... +19, gijelerine +5... +10 gradus bolar. Howa hepdäniň dowamynda +27 gradusa çenli maýlar.
Lebap welaýatynda ümürli howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +13... +18, gijelerine +3...+8 gradus bolar. Hepdäniň ortasynda ýagyş ýagyp, şemal bolar, howa +26 gradusa çenli maýlar.
Daşoguz welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine +10...+15 gradus bolup, käte ygally howa bolar. Gijelerine + 1...+ 6 gradusdan +11 gradusa çenli howa bolar. Howa dynç günleri +20 gradusa çenli maýlar. Hepdäniň dowamynda şemmal bolar.