Ýerlerden we bar bolan inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň kuwwatlyklaryny has rejeli peýdalanmak Daşoguzda şähergurluşygy işleriniň esasy ugurlarynyň biridir.
Bu ýerde gurulýan döwrebap täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýa-da söwda nokatlarynyň sany barha artýar. Daşoguz şäheriniň merkezi bölegindäki Zaman köçesinde ýene bir ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy başlandy. Ol 7 gektar meýdanda bina edilýär. «Аtalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bu ýerde ýokary amatlylyklary bolan ýedi gatly jaýlary tapgyrlaýyn gurarlar. Olaryň biri 42 öýli, ýene biri 56 öýli we beýlekileri 84 öýli jaýlar bolar.
Jaýlar girelgeleriniň sany boýunça tapawutlanarlar. Ýerli döwrebap şähergurluşygy ölçeglerine laýyklykda olarda amatly şertleriň ählisi dörediler.
Täze toplum şäherde golaýda gurlan awtomenziliň gapdalynda we telekeçilik merkeziniň ak mermer binasynyň garşysynda ýerleşer. Onuň töweregi abadanlaşdyrylar, yşyklandyrylar we bag-bakja ekiler.
Soňky ýyllarda Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaý gurluşygynyň depgini ýokarlanýar, bu bolsa ilatyň oňaýly durmuşy üçin şertler döretmäge we amatly şäher gurşawyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär.
Bu ugurda işleriň depgininiň we möçberiniň güýçlenmegine häzirki wagtda şäheri mundan beýläk-de gurmakda uly ähmiýete eýe bolan ýerli hususy kärhanalaryň gurluşyk bazaryna giňişleýin çekilmegi ýardam edýär. Şol bir wagtyň özünde şäher infrastrukturasy-da ösdürilýär, täze toplumlar durmuş-medeni we tehniki ähmiýetli zerur desgalar bilen üpjün edilýär.