Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň we dünýäniň saglygy goraýyş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk saglygy goraýşyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, özara tejribe alşylmagyna we häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň netijeli özleşdirilmegine ýardam berýär.
Häzirki döwürde türkmen lukmanlary bilen Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynyň lukmanlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykdy. Şu günler Germaniýanyň lukman professorlarynyň topary ýurdumyzda iş saparynda bolup, türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýarlar.
Myhmanlar paýtagtymyzdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezinde boldular. Olar newrologiýa keselli näsaglarda we neýrohirurgiýa operasiýalarynda narkozyň aýratynlyklary boýunça ýerli lukmanlar bilen tejribe alyşdylar.
Şeýle hem merkeziň güýçli depginli bejeriş bölüminde ýokanç däl keselleriň düzümine girýän ýokary gan basyş keseliniň gaýraüzülmesi bolan insulty başdan geçiren näsaglary amaly bejeriş ugry boýunça degişli okuw sapaklary boldy.
Germaniýanyň Murnaw şäheriniň uniwersitet klinikasynyň neýrohirurg lukmany ýurdumyzda ikinji gezek bolup, şu günler ýerli lukmanlar bilen çylşyrymly neýrohirurgik operasiýalary ýerine ýetirmegiň usullary boýunça tejribe alyşýarlar.
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara Endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde bolýan nemes lukmany bolsa ýurdumyzda ilkinji gezek iş saparynda bolýar. Ol bu ýerde merkezde işleýän türkmen lukmanlary bilen şöhle anyklaýyş we angiografiýa barlag usuly boýunça, şeýle-de ortopediýa we trawmatologiýa ugurlarynyň dürli şikeslerden soňky häzirki zaman dikeldiş bejergileri boýunça tejribe alyşdylar.
Germaniýaly lukmanlar ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň belent derejelere ýetendigini belläp, halkara derejeli saglyk merkezleriniň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýändigini, bu enjamlaryň kömegi arkaly birnäçe çylşyrymly bejeriş usullaryny ýerine ýetirmek mümkinçiliginiň bardygyny aýratyn nygtadylar.
Şeýle hem olar türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmaga zerur mümkinçilikleri döretmek we saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.