Ï Hukuk goraýjy edaralaryň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek barada maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hukuk goraýjy edaralaryň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek barada maslahat geçirildi

view-icon 6830
Hukuk goraýjy edaralaryň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek barada maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Adalatçynyň diwany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly durmuşa geçirýän taslamasynyň çäklerinde «Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň hukuk goraýjy edaralar bilen iş alyp barmaklygyň ýörelgeleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda olaryň welaýat müdirlikleriniň, Aşgabat şäher we welaýatlardaky adwokatlar kollegiýalarynyň wekilleri onlaýn gornüşinde gatnaşdylar.

Çäräniň maksady milli hünärmenleri halkara kadalary we ýörelgeleri bilen tanyşdyrmakdan, olaryň hukuk habarlylygyny ýokarlandyrmakdan, şeýle hem adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralary bilen özara işi alyp barmaklygyň derwaýs taraplaryny hem-de bilelikdäki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Okuw maslahatyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekili «Adalatçynyň diwanynyň hukuk goraýjy edaralar bilen iş alyp barmaklygynyň hukuk esaslary» mowzugy bilen çykyş etdi. Soňra BMGÖM-iň bilermeni «Kazyýetiň garaşsyzlygy, aklawjylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hukuk düzgüni goramakda eýeleýän orny bilen baglanyşykly halkara ýörelgeler» atly mowzugy bilen çykyş etdi. Çäräniň dowamynda bu ýere ýygnananlar bilermenleriň agzalan meseleler babatda kanunçylyk, administratiw işi bilen bagly we beýleki tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar.