Ï Ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleriniň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleriniň netijeleri jemlendi

view-icon 7824
Ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleriniň netijeleri jemlendi

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda, 8-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen iki bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşikler ýaşlaryň döredijiligine itergi bermäge hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge, olaryň arasyndan zehinlilerini ýüze çykarmaga we höweslendirmäge gönükdirildi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly tarapyndan bilelikde guralan «Bitaraplyk – baky bagtym» atly döredijilik bäsleşiginde üç ugur: edebiýat, žurnalistika we fotografiýa boýunça iň gowy eserler kesgitlenildi.

Edebiýat pudagynda baş baýraga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Altyngözel Amanmämmedowa mynasyp boldy. Iň oňat žurnalistlik iş üçin baýrak Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Ýüpek ýoly» döwlet kärhanasynyň işgäri Ogulbike Ymamberdiýewa gowşuryldy, iň gowy fotosurat üçin baş baýragy bolsa «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Ilaman Çüriýew mynasyp boldy. Bäsleşigiň döredijilik ugurlarynyň hersinde birinji, ikinji we üçünji orny eýelän ýeňijiler, şeýle hem işjeň gatnaşany üçin höweslendiriş baýraklaryny mynasyp bolanlar yglan edildi. Olaryň arasynda aşgabatly, änewli we balkanabatly talyplardyr okuwçylar, şeýle hem «Güneş» žurnalynyň fotohabarçysy we mekdep mugallymy bar. Bäsleşigiň netijelerini jemläp, çäräni gurnaýjylar bäsleşigiň ýeňijilerini we oňa işjeň gatnaşanlary üstünlikleri bilen gutladylar, işlerinde, okuwlarynda we döredijiliginde ýene-de üstünlikler arzuw etdiler, şeýle hem mynasyp bolanlara baýraklaryny gowşurdylar.

Döredijilige we terjime sungatyna höwesli ýaşlaryň arasynda «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly ýene bir bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, «Dünýä edebiýaty» žurnaly, ýurdumyzyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasy bilen bilelikde geçirildi. Bu bäsleşigiň baş baýragy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň dördünji ýyl talyby Aýbölek Sähedowa berildi. Ilkinji üç orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Göwher Gurbanowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Didar Yslamow we D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Çeper Nazargylyjowa dagylar eýelediler.

Ýeňijilere we döredijilik bäsleşigine işjeň gatnaşanlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.