Türkmenistanyň «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory ilatyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan başlap, täze internet bukjalaryny hödürleýär. Täze internet bukjalaryny laýyklykda, «Altyn Asyr»-yň abonentleri şu aşakda görkezilen möçberlerde töleg ederler:
10 manat – 250 MB üçin (Internet-10 bukjasy);
60 manat – 1,5 GB üçin (Internet-60 bukjasy);
200 manat – 20 GB üçin (Internet-200 internet bukjasy).
Täze internet paketlerini işjeňleşdirmek üçin müşderi öz telefonyň ekranynda aşakdaky degişli nyşanlary (USSD kodlary) aýlamaly:
Internet-10: *0850*10#
Internet-60: *0850*60#
Internet-200: *0850*200#
Internet bukjasy 30 gün möhlet bilen berilýär.
Täze internet bukjalary müşderilere gije-gündiziň dowamynda iň ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berýär. Interneti näderejede işjeň we haýsy maksatlar üçin ulanýandygyna baglylykda, bukjalaryň belli bir görnüşini müşderiniň özi saýlaýar. «Altyn asyr» aragatnaşyk operatorynyň müşderileri ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini ýatladýarys.
Bu paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri ilatymyza döwrebap, kämil hyzmatlary hödürlemegiň, ýurdumyzyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we täze taslamalaryň üstünde ýadawsyz zähmet çekýärler. Häzirki wagtda öýjükli aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we täze hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça dünýäniň iň iri kärhanalary bilen şertnamalar baglaşyldy. Bu şertnamalarda öýjükli aragatnaşyk ulgamynda, optiki we radio geçiriş ulgamlarynda, häzirki zaman kommutatorlarynda, SMS merkezinde we dispetçerden-dispetçere ulgamynda bar bolan häzirki zaman tehniki serişdeleriň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem dünýäniň iň döwrebap tehniki enjamlarynyň satyn alynmagy göz öňünde tutulýar. Iň täze dünýä ülňülerine laýyklykda öndürilen enjamlary tutuş ýurdumyz boýunça gurnamak we işe girizmek «Altyn asyr»-yň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýar. Welaýat merkezlerinde we oba ýerlerinde ýokary tizlikli internet hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek üçin, ähli tagallalar edilýär.
Ýokary hilli internet hyzmatlary bilen üpjünçilik işewürlik we bilim, şeýle hem dynç alyş üçin çäksiz mümkinçilikleri berýär. Şol sebäpli hünärmenler tutuş ýurt boýunça täze aragatnaşyk desgalarynyň gurluşygyny we işe girizilmegini çaltlaşdyrmak üçin, uzakdaky ilatly nokatlara aýratyn üns bermek bilen, mümkin bolan ähli zady edýärler.