Ï Beýik döwrüň beýik işleriniň galkynyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik döwrüň beýik işleriniň galkynyşy

view-icon 12118
Beýik döwrüň beýik işleriniň galkynyşy

Düýn Bereket etrabynyň «Gulmaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap «Galkynyş» şäherçesiniň açylyş dabarasyna geçirildi. Täze şäherçede gurlan binalardyr desgalaryň potratçysy bolup çykyş eden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň agzalary saldamly goşantlaryny goşdular.

Açylyş dabarasyna Balkan welaýatynyň häkimi, günbatar sebitiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, beýleki ulgamlaryň işgärleri, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Täze şäherçede bir gatly, üç we dört otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 300-si bina edilipdir. Jaýlaryň gurluşynda oba durmuşynyň aýratynlyklary hem-de türkmen maşgalasynyň özboluşly däpleri göz öňünde tutulypdyr. Ösen talaplara laýyklykda gurlan ýaşaýyş jaýlar hemme amatlyklar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Howluda mellek ýerleri, ulag jaýy we beýleki zerurlyklar göz öňünde tutulypdyr. Giň, ýagty otaglar, eýwan, döwrebap üpjünçiligi bolan aşhana otagy we beýleki inžener-tehniki ulgamlar öý eýelerinde hoşallyk duýgularyny döredýär.

«Galkynyş» şäherçesinde gurlan dürli maksatly binalardyr desgalaryň milli binagärlik gözelligi raýatlarymyzyň arzyly isleglerine kybap gelýär. Şäherçäniň çäginde 200 orunlyk Medeniýet öýi, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, ýangyn howpsuzlyk bölüminiň edara binalary, Saglyk öýi, Metjit, 512 belgä niýetlenen awtomat-telefon bekedi, aragatnaşyk bölümi bar.

Şäherçä çenli uzynlygy 19 kilometre barabar suw geçirijisi, şol sanda içki suw geçiriji ulgamy çekildi. Daşarky, içerki gaz, lagym geçirijileri, şäherçä barýan daşky we içerki elektrik ulgamlary, degişli beketleri hem şäherçäni döwrebaplaşdyrmak işleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.