«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlendi.
Bäsleşikde ýazyjy Atajan Tagan, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konseriniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni Amanmyrat Kiçigulow baş baýraga mynasyp boldular. Ýeňijilere guramaçylat tarapyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Döredijilik bäsleşige hödürlenen makalalarda we oçerklerde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, jemgyýetimiziň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrmak, milli mirasymyzy aýawly saklamak we geljek nesillere ýetirmek, maşgala mukaddesliklerine hormat goýmak, ýaşlarda Watana, gadymy gymmatlyklarymyza bolan söýgini terbiýelemek babatda amala aşyrylýan ägirt uly işler beýan edildi. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýip, belleýär.